Geçen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 56-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy satyn aldylar. Beýik Britaniýaly işewürler (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody) göni arassalanan benzin we dizel ýangyjyna, Estoniýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa (“Türkmengaz” DK) suwuklandyrylan gaza isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplügi, pagta süýümi, pagta künjarasyny satyn aldylar. Olary satyn alan ýurtlar Şweýsariýa we Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 192 million 500 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler umumy bahasy 8 million 500 müň manatlykdan gowrak bolan pagta ýagyny, nah ýüplügi, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 500 müň manada golaý bolan ulýugy satyn aldylar.