Ï Telekeçileriň çörek-bulka önümleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçileriň çörek-bulka önümleriniň sergisi

view-icon 1082
Şu gün Galla baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde mowzuklaýyn sergi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmnistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde guraldy. Onda ýurdumyzyň telekeçiler düzümleri tarapyndan öndürilýän çörek we çörek önümleriniň giň görnüşleri görkezildi.


Sergi däp bolan, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly azyk önümlerini öndürmek ulgamynda türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň barha artýan kuwwadyny görkezdi. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde külçe, petir, ýagly çörek, etli çörek ýaly däp bolan milli çörekleriň dürli görnüşlerini görkezip, sergä gatnaşyjylar bilen hamyryň hem-de çöregiň ak, gara, berhizliler üçin dürli görnüşlerini taýýarlamagyň usullary, gamburgerleri we “Saglyk”, “Halys” sandwiçlerini taýýarlamak üçin ýörite çöregi bişirmegiň usullaryny paýlaşdylar. Ajaýyp görnüşde bezelen tortlar we pirožniler, dürli köke görnüşleri, makaron önümleri, lawaşlar, şeýle hem “Hasar”, “Altyn açar”, “Kenek”, “Degirmen” we beýleki hamyrlardan ýarym fabrikatlar sergä gatnaşyjy köpsanly adamlaryň ünsüni çekdi.

Sergä gatnaşyjylar hususy telekeçiligi döwlet derejesinde goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň azyk bolçulygyny, mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.