Ï Gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy

view-icon 1084
Iýun aýynyň ortalaryna badalga alan umumy meýdany 13 müň 900 gektar meýdany eýeleýän gant şugundyrynyň güýzki ekiş möwsümi tamamlandy. Ekiş meýdanlarynda eýýäm ekinleriň ösüp boý almagyna oňyn täsir edýän agrotehniki çäreler – mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergileri, ösüş suwuny bermek, haşal otlardan we zyýanly mör-möjeklerden goramak işleri ýaýbaňlandyryldy.

Gant şugundyry Mary sebtiniň sekiz etrabynda ekildi. Mundan hem başga, şu ýyl gant şgundyry Balkan welaýatynyň Serdar we Berket etraplarynda 3 müň gektar meýdana ilkinji gezek ekildi

Şugundyrçylar ýazky ekilen gant şgundyrny ýygnamaga taýýarlyk görýärler. Bu ekin Mary welaýatynda müňlerçe gektar meýdany eýelläp, golaý wagtda ony ýygnamaga girişiler.

Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Maryşeker” PJ ýygym möwsümine taýýar edildi. Ýörüteleşdirilen tehnikallaryň 150-si, şeýle hem tirkegli traktorlar, ýük ulaglary möwsüme taýýar edildi. Maryda ýerleşýän kärhana gatn şugundyryny gaýradan işlemäge we şeker öndürmäge ýörüteleşdirilendir. Ýazky möwsümiň hasylyny ýygnamak işlerini awgust aýynyň ahyrlaryna tamamlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda gant şugundyry ýylda iki gezek – ýazda hem-de ekin dolanşygy hökmünde bugdaý orumy tamamlanan ýerlerde tomusda ekilýär. Şu ýyl gant şugundyry 14 müň 900 gektar meýdana ekildi.