Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 842
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Latwiýadan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen täjirler suwuklandyrylan gazy, tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar, şeýle hem tehniki ýody we uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bilen şertnama baglaşyldy. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük galyndylary, pagta şroty we beýlekiler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar Hytaý, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Eýran, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Kiprden, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler jemi 16 million 583 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, pomidor goýaltmasyny, jinsi önümlerini, garaköli we saryja goýunlaryň ýuwulan ýüňüni, nah ýüplügi, pagta şrotyny we beýlekileri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýük göteriji ulag tehnikasyny, azyklyk bugdaýy 385 müň manatlykdan gowrak möçberde satyn aldylar.