Paýtagtyň Atamyrat şaýolunyň böleginde, Bitarap Türkmenistan Şaýolundan Görogly köçesinde ýaýbaňlandyrylan Aşgabadyň gurluşygynyň nobatdaky 12-nji tapgyrynyň desgalarynda işler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu iri göwrümli taslama 2012-nji ýylyň ahyrynda badalga berildi. Şäheriň bu böleginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini eýýäm şu ýylyň oktýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Gurluşyk işleri birnäçe döwlet we hususy kärhanalryň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Şäheriň gurluşygynyň nobatdaky 12-nji tapgyrynyň baş meýilnamasy “Türkmendöwlettaslamanyň” Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.
Gurluşygyň umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň 19-sy gurulýar. Jaýlaryň içki bezeg işleri alnyp barylýar. Desgalaryň inženerçilik-tehniki torlarynyň binýadynda göýberiş-sazlama işleri tamamlanyp barýar. Binalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar, ulag duralgalary, çagalar oýun we sport meýdançalary gurulýar, oturgyçlarçlar, köçeleri ýagtylandyrýan yşyklsndyryjylar oturdylýar, bagdyr güller ekilýän ýörite ýerler bölünip berilýär.
Gurluşygyň nobatdaky 12-nji tapgyrynyň çäklerinde 12-14 gatly 40-70-114 öýli ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si gurulýar. Şeýle hem bu ýerde durmuş desgalarynyň 6-sy – her biri 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-si, her biri 160 orunlyk bolan çagalar bagynyň 2-si, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň binasy gurulýar.
Uzynlygy 2,1 kilometr bolan Atamyrat Şaýolunyň bu bölegini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu şäher magistraly täze keşbe eýe boldy, onuň ugry göneldilip, dogrulandy. Bu uly ulag ýoly iki esse diýen ýaly giňeldilip, ol 77 metre ýetirildi. Onuň ugry boýunça üç sany ýerasty geçelge we A.Nyýazow şaýolynyň Seýdi we Mollanepes köçeleri bilen kesişýän ýerinde – 2 sany ulag tonneli göz öňünde tutulandyr.
Bu uly ulag ýolunyň durkuny täzelemek işlerini türkiýäniň «Nata Insaat Turism Ticaret ve Sanayi A.S.» kompaniýasy alyp barýar. Şeýle hem bu kompaniýanyň hünärmenleri A.Nyýazow şaýoly bilen Görogly köçesiniň kesişýän ýerinde köprüniň gurluşygyny hem amala aşyrdy. Bu köpri Aşgabadyň gurluşygynyň nobatdaky 12-nji tapgyrynyň arhitektura toplumyna alyp barýar. Bu ýerde Görogly köçesi durky täzelenen çatyrykda goşmaça girilýän we ýykylýan köprüli ýeriň aşagyna geçirildi. Häzirki zaman körüsi şu aýda ulanmaga berildi.