Ï Ýaşaýyň jaý toplumy gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşaýyň jaý toplumy gurulýar

view-icon 1156
Şu ýylyň başynda paýtagtyň Köşi köçesiniň gündogar tarapynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Eýýäm ýaşaýyş jaýlarynyň 15-niň korpusy ýokary galdyryldy. Olarda timarlaýyş we santehniki işleri alnyp barylýar .

Umuman, häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň 25-si gurulýar, olaryň 8-niň 2-3-nji gatlarynda demir-beton işleri alnyp barylýar. Ýene-de iki sany jaýyň düýbüni tutmaga taýýarlanylýar. Çagalar bagynyň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ýerde timarlaşyş we binanyň daşyny mermer bilen örtmek işleri ýerine ýetirilýär. Gurluşygy alnyp barylýan orta mekdebiň binasynda demir-beton işleri ýaýbaňlandyryldy.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän jemi 4 gatly 1-4 öýli jaýlaryň 37-si gurulýar. Birnäçe gurluşyklaryň birinji gatynda senagat we azyk harytlary dükanlary ýerleşer. Şuny nazara almak bilen, jaýlarda ýokary amatlyklary bolan 30 ýa-da 40 öýli jaýlar ýerleşer. Ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň 4-si hem-de 600 orunlyk mekdep gurular.

Ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar. Bu ýerde gurluşygyň meýilnamasy boýunça ulag goýulýan ýer, çagalar oýun we sport meýdançalary, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerini geçirmek üçin ýer göz öňünde tutulandyr. Seýilgäh zolagy, gül we bag ekilýän ýörite ýerler dörediler.

Gurluşygyň taslamasy şäher häkimliginiň “Aşgbattaslama” instituty tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Gurluşyk işleri ýurduň we türk hususy kompaniýalarynyň 11-si tarapyndan alnyp barylýar. Şäher düýpli gurluşyk müdirligi taslamanyň buýurjysy bolup çykyş edýär. Paýtagtyň Köşi sebtiniň ýaşaýyş jaý toplumynyň amala aşyrylýan taslamasynyň gurluşyk işleriniň üçünji tapgyry bolup durýar. Bu ýerde alnyp barýan gurluşyk işlerini indiki ýylyň dekabr aýynda tamamlamak bellenildi.