«Gündogar Goturdepe ýatagyndaky täze 1758-nji guýynyň çykymy gije-gündiziň dowamynda 50 tonna nebit boldy» - ine, şeýle habar «Goturdepenebit» nebitgazçykaryjy müdirligine gelip gowuşdy. «Gara altynyň» senagat akymy taslama boýunça 2600 metr bolsa-da, ol 2503 metrden alyndy.
Şeýle mukdardaky nebiti gije-gündüziň dowamynda Goturdepe buraw işleri müdirliginiň topary tarapyndan ulanmaga berlen beýleki bir 1768-nji guýy hem berýär. Bu ýerde nebitiň senagat akymy 1600 metrden alyndy. Bu bolsa baý känleriň diňe bir çuňňur gatlarda bolman, eýsem bu ýatagyň ýalpak ýerlerinde hem bardygyna şaýatlyk edýär.
Bu senagatçylar tarapyndan ulanmaga berlen guýularyň diňe soňky ikisidir. Ýylyň birinji ýarymynda bu ýatakda öndümli güýylaryň ýedisi ulanmaga berildi. Bu döwürde “Türkmennebit” DK Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawçylary bir guýyny köp ulanmaga berdiler. Gözleg-buraw işleriniň çäkleri barha giňeldilýär. Şonuň bilen bir hatarda hem Nebitdag, Garadaşly, Ördekli ýataklarynda buraw wyşkalarynyň “tokaýynyň” çäkleri barha ýaýraýar.
Şeýlelikde golaýda 938-nji guýyny burawlamak işleri tamamlandy. Eýýäm 1327 metr çuňlukda bu guýynyň çykymy 40-5- tonna «gara altyna» barabardyr. Bu bolsa Nebitdag adyny doly ödeýän ýatagyň ýerasty baýlyklara baýdygyna, öndümlidigine şaýatlyk edýär.
Ördekli ýatagyndaky 88-nji guýyda buraw işleri tamamlandy. Häzirki wagtda bu ýerde berkidiş, göýgberiş-sazlama işleri alnyp barylýar. Taslama çuňlugy 4800 metr bolan Garadaşly ýatagyndaky 7-nji guýyda bolsa, işler heniz dowam etdirilýär. Golaý wagtda bu ýerden nebit çüwdürimi atylyp çykar.