Mary welaýatynyň şäherdir obalarynyň döwlet we hususy ýaşaýyş jaý toplumlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda gaz hojalygy kärhanalarynyň hünärmenleri tarapyndan otuz müň öýlerde gazyň sarp edilşini hasaplaýan enjamlar oturdyldy. Bu babatda işler grafik boýunça alnyp barylýar we ýylyň ahyryna çenli ýene-de ýetmiş müňe golaý öýlerde şular durmuş maksatalrty üçin ulanylýan tebigy gazyň sarp edilşini hasaplaýn häzirki zaman enjamlary oturdylar.
Tebigy gazyň sarp edilşini hasaplaýan enjamlary gurnamak ilatyň arasynda tebigy baýlayklara aýawly garalmagy, “mawy ýangyjy” tygşytly peýdalanylmagay barada düşündiriş işlerini geçirmek bilen utgaşdyrylýar. Şunlukda, hünärmenler biziň ýurdumyzda kesgitlenen limitleriň çäklerinde hojalyk zerurlyklary üçin twbigy ýangyjyň mugtuna berilýändigini nygtaýarlar. Limitden daşgary sarp edilen ýangyç üçin kesgitlenen baha boýunça tölenilýär.
Welaýatyň gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri önümçilik ulgamynda hem – eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalarda we guramalarda , hususy firmalarda we hojalyklarda gazyň sarp edilşini hasaplaýan gurallary oturdýarlar. Ilat we kärhanalaryň kollektiwleri tarapyndan gaz ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy umuman halkara ölçeglerine laýyk gelýän gazyň sarp edilşini ölçeýän häzirki zaman enjamlaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna şert döredýär.