Ï Demir ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demir ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy

view-icon 912
Ýakyn aýlarda transmilli demir ýoly bolan Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň açylşy bolar. Bu ulag geçelgesi Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda köpri bolar, ulag we wagtlaýyn ölçegleri epesli gysgaldar, kontinent derejesinde haryt dolanşygyny artdyrmaga şert döreder.

Bu ýoluň türkmen böleginiň taslamasyny “Türkmendemirýoltaslama” institruty tarapyndan ýerine ýetirildi. Institutyň baş inženeri Hemramyrat Çaryýewiň belleýşi ýaly, taslamany düzmäge eýýäm bizde bar bolan ähmiýeti uly bolan Tejen-Sarahs, Türkmenbaşy-Atamyrat we Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollarynyň taslamasyny düzmegimiz kömek etdi.

Umuman ýoluň Bereket-Etrek böleginde beketleriň sekizisi gurulýar. Gurluşyk işlerini bular ýaly beýleki gurluşyklarda hem özlerini görkezmegi başaran ýol hojalygynyň Gurluşyk-gurnama otlysy (GGO), 1,2,3-nji Ýol maşyn beketleri (ÝMB) tarapyndan alnyp barylýar. Türkiýäniň NATA kompaniýasy bolsa bu desganyň potratçysydyr. Demirýolçylar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini “Polat gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirýärler.


Beketler “Türkmendemirýoltaslama” tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama boýunça gurulýar, Satansiýalaryň bir nusgaly toplumyna menziliň, jaýlaryň 8-si, gulluk we tehniki işgärler üçin desgalar, suw-energo üpjünçilik ulgamlary, şeýle hem aragatnaşyk nokadynyň binalary girýär. Bu şäherçeler sebitiň ösdürilmegine itergi berer.

Umuman demir ýoluň günorta böleginde işler tamamlanyp barýar. Etrek bekedinde we onuň golaýlarynda işler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu iri demir ýol çatyrygy bolmak bilen, oňa demir ýol menzili, ýaşaýyş jaýlarynyň 20-si, wahtaly çalşyk üçin dynç alyş öýi we umumy ýaşaýayş jaýy, jübüt tigirleri çalyşmak üçin meýdança, ýük howlusy, ýol hojalygy we beýlekiler girýär. Işleriň diňe mebelleri çalyşmak we çäkleri gök baglyga öwürmek görnüşleri galdy. Kottej görnüşindäki öýler demirýolçular we olaryň maşgalalary, nobatçylar, ussalar, topar ýolbaşçylary üçin niýetlenendir. Deponyň, dolandyryş binasynyň, ýol hojalygy we tehniki binalaryň gurluşygyna girişildi.

Akýaýla 8-nji menzilde işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Eýýäm barlag-göýberiş nokadynyň binasy galdyryldy. Şeýle hem ýene-de bir täze – Atamyrat-Ymamnazar-Akina (Owganystan) demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň we parallel gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.