Türkmenistanda geçen ýylyň aprel aýynda güýje giren “Bugdaý öndürijileri maliýeleşdirmek we oba hojalyk ekinlerini öndürijiler bilen hasaplaşyk hakyndaky” düzgünnama laýyklykda, bugdaý öndürijiler bilen maliýe hasabaty tamamlandy.
Tölegler şu ýylyň iýun aýynda ýurduň 4 sebtinde badalga aln bugdaý oragynyň başlanmagy bilen welaýatlaryň daýhan birleşiklerinde döwlet bahasyndan kesgitlenen möçberde satyn alyş arkaly amala aşyryldy. Howa-toprak şertlerine laýyklykda Daşoguz welaýatynda bugdaý oragy 15-nji iýunda başlandy. Hasaplaşyklar “Daýhabank” Döwlet täjirçilik bankynyň serişdeleriniň hasabyna “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň açyk karz ugry boýunça geçirildi.
Oba hojalyk ekinlerini öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşykdan başga hem oba hojalykçylaryň hususy emlägi bolan ekin meýdanlarynda tehnikany ulanmak bilen mehanizimleşdirilen işler maliýeleşdirildi. Bu ýokarda aýdylan düzgünnama bilen sazlaşdyrylýar. Bu önümçilik çykdajylaryny tölemek ulgamy ýurtda ikinji ýyl ulanylýar we oba hojalykçylara öz zähmetleri üçin goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär. Sebäbi, mälim bolşy ýaly, ýurtda hereket edýän karz bermegiň ýeňilleşdirilen görnüşleri boýunça oba hojalyk önümçiliginiň wekilleri öňdebaryjy tehnikalary amatly şertlerde satyn alýarlar.
Ýewropa kysymly “Klaas”, “Keýs”, “Jon-Dir” ýaly ýewropa kysymly hususy maşynlar barha köpelýär, oba hojalyk enjamlary bolan ekiji gurallar, azallar, suwaryş ulgamynda ulanylýan enjamlar işjeňlik bilen satyn alynýar. Bularyň barysy ösümlik önümleriniň önümçiligini artdyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, geljekde dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini öndürmek üçin täze ýerleri özleşdirmekde ulanylýar.
Ýurtda esasy oba hojalyk ekinleri bolan gowaçany, bugdaýy, gant şugundyrymy, şalyny ösdürip ýetişdirmek üçin ýeňilleşdirilen şertler döredilendir. Bu bolsa türkmen ekerançylary üçin epesli goldaw bolup durýar. Olaryň önümçiliginiň umumy çykdajilarynyň bahasynyň 50 göterimi döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin tohum, dökün, suw, ulag serişdesi, tehniki hyzmatlar, howa işleri, ösümlikleri goramak bilen üpjün etmek esasy hem-de kömekçi materiallar we hyzmatlar bolup durýar. Mundan hem başga, tohumçylyk hojalyklary üçin mineral dökünleri ýeňilleşdirilen baha bilen 25% köp berilýär.
Ýurtda döredilen şertler oba hojalyk önümleriniň önümçiligini höweslendirýär. Bank ulgamy bilen hyzmatdaşlyk edip, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak, öz girdejilerini artdyrmak isleýänleriň sany barha köpelýär. Oba hojalyk önmlerini öndürijiler bilen ýeňilleşdirilen karz bermek we maliýe hasaplaşygy oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň we möçberlerini artdyrmagyň peýdasyna barha kämilleşdirilýär.
Oba hojalyk önümçiligi ýurduň ykdysady abadançylygynyň derejesini görkezýän esasy ugurlaryň biri hökmünde döwlet tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýar. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine epesli serişde göýberilýär – ýewropada öndürilen öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar, ýurtda bar bolan senagat desgalary iň täze enjamlar bilen üpjün edilýär, täze kärhanalar ulanmaga berilýär. Munuň netijesinde gaýtadan işlemek, çig maly saklama we önüm öndürilişi täze derejelere çykýar.
Meselem, Mary welaýatynda şu ýylyň tomsunda täze elewatorlaryň ikisi – Altyn sähra etrabynda 50 müň tonna däne saklamaga mümkinçiligi bolan we Garagum etrabynda 30 müň tonna däne saklamaga mümkinçiligi bolan elewatorlar ulanmaga berildi. Olaryň ulanmaga berilmegi bilen, bugdaýy taýýarlamaga, gaýtadan işlemäge, saklamaga mümkinçilikler düýpli giňedi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen elewatorlar tehnologiki işleriň ähli tapgyrlarynda gözegçiligiň kämil ulagmyny ulanmaga, däne saklaýjylara täbşyrylan işleri we önümçiligiň beýleki derejelerinde awtomatiki usulda saklamaga mümkinçilik berýär
Sebitde ýokary tehnologiýaly elewatorlaryň ulanmaga berilmegi bilen, bugdaýlary saklamak üçin goşmaça ätiýaçlyklar döredi.