Ï Ýygym möwsüminiň öňisyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýygym möwsüminiň öňisyrasynda

view-icon 826
Ýurduň 545 müň gektar meýdana ekilen gowaça meýdanlarynda ekin meýdanlaryny öňde duran hasyl ýygymyna taýýarlygyny üpjün etjek agrotehniki çäreleriň jemleýji tapgyrlary geçirilýär.

Hasyl ýygymyna şu aýyň aýagynda – 29-njy awgustda, ýurduň demirgazyk welaýty bolan Daşoguzda howa-toprak şertlerine laýyklykda has soňrak – 7-nji sentýabrda girişmek meýilleşdirilýär

Ekin meýdanlarynda ösüş suwuny bermek işleri geçirilýär we bejergi işlerinde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň üç ýarym müňden gowrak traktorlary işleýär. Şeýle hem bu kärhananyň hünärmenleri öňde duran ýygym möwsümini tehniki taýdan üpüjn etmäge taýýarlyk görýärler – eýýäm pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si, pürküji agregatly traktorlaryň 700-si, şeýle hem ýük ulaglary, tirkegler we beýleki kömekçi tehnikalar taýýar edildi.

Däp bolşy ýaly, ýygym möwsümi ilki el güýji bilen başlanar. Soňra bolsa eýýäm sentýabryň birinji on günlüginde gowaçaly meýdanlara kombaýnlar çykar. Pagta ýygymyny ýeňilleşdirmek üçin defolýasiýa usuly ulanylar. Bu iş her ýylda pürküji agregatly traktorlaryň we ýörite awiatehnikanyň kömegi bilen geçirilýär. Täze hasyly kabul etmäge ýurduň taýýarlaýyş nokatlarynyň 159-sy, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-sy, şeýle hem olaryň ýanyndaky süýmüň hiline berk gözegçilik edýän barlaghanalar taýýar edildi.

Eýýäm üçünji ýyl kärendeçilere we mülkdarlara borçnamadan daşgary tabşyrylan pagta üçin satyn alnyş nyrhyna 30% goşmaça tölenilýär. Möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagy bilen,ýurduň daýhan birleşiklerinde her gün ýygnalan hasyl üçin “Daýhabank” Döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Türkmenpagta” Döwlet konserni üçin açylan karz pul serişdeleriniň hasabyn töleniler. Gowaçaly meýdanlar ýurduň Mary welaýatynda 165 müň gektar meýdany, Ahal we Lebap welaýatlarynyň hersinde 120 müň gektar, Daşoguz welaýatynda 140 müň gektar meýdany eýeleýär.

Ekin meýdanlaryna gowaçanyň ýokary hasyllylygy, ir ýetişýänligi, süýmüniň çykyşynyň gowy hilliligi bilen tapawutlanýan görnüşleriniň 13-si ekildi. Orta süýümli görnüşleriniň 11-niň hatarynda “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727” we beýlekileri görkezmek bolar. Mary we Ahal sebitleriniň oňaýly howa-toprak şertleri gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Ýurduň ussat pagtaçylary şu ýyl “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamaga borçlanýarlar.