Şu gün ýurdumyzda güýzlük galla ekişine girişildi. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 11-nji awgustynda geçirilen widioşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlamaly möhletini kesgitledi. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzyň welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi.
Asylly däbe görä, Beýik Biribaryň ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegini diläp, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdider. Ýaşulular “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, topraga ilkinji bugdaý dänelerini sapdylar. Öz işine ussat mehanizatorlar ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip, hormatly ýaşulularyň başlangyjyny alyp göterdiler.
Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyz boýunça şu ýyl 860 müň gektar bugdaý ekiler. Şunda, 2015-nji ýylda gallaçylaryň öňünde 1 million 600 müň tonna ak bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň, Balkan welaýatynda bolsa 120 müň tonna guşgursak bugdaý hasyly ýygnalar.
Gallaçy kärendeçiler bu möhüm möwsüme irgözinden guramaçylykly taýýarlyk gördüler. Galla oragy tamamlanan soň ýerler gurplandyrylyp, dökünlenip, geljekki hasylyň düýbi tutulyp başlandy.
Ekiş üçin azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri taýýarlanyldy. Hususan-da, ýokary hilli “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”,”Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy“, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş” “Wassa”, “Irişka”, “Ýubileý-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly görnüşleri ekiş üçin saýlanyp alyndy.
Gallaçylar ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün edildi. TDH-niň habarçysyna habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň pudak edaralarynda bu möwsümde Türkmenistan boýunça 2000-e golaý sürüm we 5000 keş çekýän “Klaas”, “Keýs”, “Jon Dir”, “Belarus-80Н” we “Belarus-82.1” traktorlary, 1660 ekiş geçirijiler we beýleki enjamlar ulanylar. Şeýlelikde, ekiş möwsümini bellenilen möhletde geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi geljekki bol hasylyň girewidir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda obasenagat toplumyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk pudagyna maksatnamalaýyn goldaw berilýär. Obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, meliorasiýa we suw bilen üpjünçilik meseleleri oňyn çözülýär. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman kombaýnlary we beýleki döwrebap tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Şeýlelikde, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň tomsunda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda “Türkmengallaöünmleri” döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda un üweýän toplumlary bolan kuwwatly elewatorlaryň 8-si ulanmaga berildi. Olaryň umumy göwrümi 360 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenendir.
Şu hepdäniň başynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynda karbamid önümçiligi boýunça täze zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary we tehnolgiýalary bilen üpjün ediljek bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna döküne barabar bolar. Bu iri himiýa desgasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanda ozal hereket edýän we häzirki döwürde Mary welaýatynda gurulýan kärhanalary nazara alanyňda, öndürilýän mineral dökünleriň möçberi 2 million tonnadan aşar. Onuň üçden bir bölegine golaýy içerki zerurlygy üpjün eder, galan bölegi eksporta ugradylar.
Oba hojalyk önümleriniň önümçiligini hem-de tehnikalaryny satyn alnyşyny maliýeleşdirmek üçin kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, ýer eýelerine we mehinizatorlara ýeňillikli şertlerde karz serişdeleriniň berilýändigini bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine degişli kärhanalarda we edaralarda bar bolan hem-de ulanyş möhleti geçen oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny hususy önüm öndürijilere muzdsuz bermek bellenildi. Bugdaýyň satyn alnyş bahasynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba zähmetkeşlerini has-da ruhlandyrýar.
Şunuň bilen bir hatarda, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde türkmen obalarynyň durkuny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk dänäni eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy döwet ösüşiniň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzda, şol sanda içerki bazarlary özümizde öndürilen çörek bilen üpjün etmegiň hasabyna azyk bolçulygynyň döredilmegini şertlendirýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Azatlyk”, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Çekiç” hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Ýeňiş” daýhan hojalyklarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk ministrliginiň, ”Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, miraplaryň, gallaçy-kärendeçileriň we hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda güýzlük galla ekişiniň başlanmagy mynasybetli maslahatlar geçirildi. Çykyşlarda ekiş möwsümi bilen baglanyşykly meseleler, ekişiň ähli döwründe agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek we işjeň tejribe alyşmak bilen baglanyşykly wezipeler barada aýdyldy.
Maslahatlarda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli alada edýändigi, mähriban Watanymyzyň abadançylygyna hem-de rowaçlygyna mynasyp goşant goşýan kärendeçiler üçin mynasyp durmuş we zähmet şertleriniň döredilýändigi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Maslahatlaryň barşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, şeýle hem häzirki döwürde oba hojalyk toplumynda bar bolan döwrebap tehnikalaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdymçylary we tansçylary, folklor toparlary möhüm möwsümiň başlanmagy mynasybetdi özboluşly çykyşlary taýýarladylar.