Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 727
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Şweýsariýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler dizel ýangyjyny we göni arassalanan benzini (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody), Hytaýdan gelen telekeçiler bolsa tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan we beýleki döwletlerden gelen işewür toparlary nah ýüplük, pagta süýümi, süýümli ulýugy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 68 million 802 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Hytaýdan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan gelen telekeçiler umumy bahasy 6 million 376 müň manatdan gowrak bolan süýji-köke önümleriniň giň görnüşlerini, arassalanan pagta ýagyny, garaköli goýunlarynyň çöprüni, şeýle hem ýük awtoulagyny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 221 müň manatdan gowrak bolan süýümli ulýugy satyn aldylar.