29-njy awgustda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi—pagta ýygymy badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, 11-nji awgustda bolan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta hasylyny ýygnamagyň başlanýan senesini tassyklady. Ine, şu gün döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary bir wagtyň özünde pagta ýygymyna başladylar. Birneme gijiräk—7-nji sentýabrynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň—Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hem hasyl ýygnamaga girişerler.
Uly pagta ýygym möwsümini “ak kerwenler” bilen açmak täze taryhy eýýamda dowam etdirilýän türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän däbidir. Häzirki wagtda daýhanlaryň esasy wezipesi ösdürilip ýetişdirilen bol pagta hasylyny atyzlardan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamakdan hem-de Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr.
Pagta türkmen babadaýhanlarynyň möhüm oba hojalyk ekinidir. Ol “ak altyn” diýlip tötänleýin atlandyrylmaýar, sebäbi ol ýurdumyzyň eksportunyň saldamly bölegini tutýar, Türkmenistanda depginli ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup durýar.
Geçen ýylda ýurdumyzyň pagtaçylary döwlete bir million iki ýüz müň tonna golaý pagta hasylyny tabşyryp, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bu gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr, obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öňdebaryjy we iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde ilkinji nobatda oba hojalyk ulgamynyň düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň we dünýäniň oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny iş tejribesine giňden ornaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga üns berilýär.
“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” ugurlaryň her biri boýunça netijeli çäreleriň toplumyny özünde jemleýär, ol ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarar we şeýlelik bilen, ykdysady taýdan kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hökmünde ornuny has-da berkider. Hususan-da, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň her bir welaýatynda ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we olary suwaryş suwy bilen üpjün etmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy taýdan seçgi geçirmek, çalt ýetişýändigi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze etraplaşdyrylan görnüşlerini döretmek babatda işler işjeňleşdi.
Ýurdumyzda pagtany gaýtadan işlemegiň möçberleriniň artmagy bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň durkuny täzelemäge we täze döwrebap kärhanalary gurmaga ýardam eder. Gowaçany ösdürip ýetişdirmegi täze derejä çykarjak şol kärhanalar diňe tohumlyk pagtany gaýtadan işlemegi, göwnejaý ýagdaýda taýýarlanylan ýokary hilli tohumlary almagy maksat edinendir, olar ýene-de has ýokary hasyl almagyň esasy bolar.
Mysal üçin, şu ýylyň iýunynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda iň täze tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen pagta arassalaýjy kärhana işe girizildi. Her ýyl bu ýerde pagtanyň 40 müň tonnasy gaýtadan işlener, geljekki pagta hasyly üçin saýlama tohumlaryň 15 müň tonna golaýy taýýarlanylar. Görogly etrabynda işläp gelýän pagta arassalaýjy zawodyň täze önümçilik bölüminde hem innowaion tehnologiýalar ulanyldy, şonda ýene-de bir açyldy.
Ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň esasy oba hojalyk welaýatlarynda bu ulgamyň ýene-de birnäçe desgalaryny işe girizmek bellenildi: munuň özi Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýan kärhanalardyr, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda pagta arassalaýjy kärhananyň çäklerindäki önümçilik bölümdir.
Döwlet tarapyndan pagtaçylygyň tehniki taýdan üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga ep-esli möçberdäki serişdeleriň bölünip berilýändigini ýene-de bir gezek nygtap geçmeli. Şonuň netijesinde häzirki wagtda meşhur daşary ýurt öndürijilerinden getirilen ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen maşynlar pudagyň tehniki parkynyň esasyny düzýär. Tehniki taýdan hyzmat etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda tohumlar, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.
Obada häzirki zaman ykdysady gatnaşyklaryny kemala getirmek, pagta öndürijiler bilen özara hasaplaşyklaryň usulyny kämilleşdirmek maksady bilen täsirli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenistanda orta we inçe süýümli pagta üçin, şeýle hem gowaçanyň ýokary hasylly görnüşleriniň çigidi üçin satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Pagtaçylara döwlet buýurmasyndan artyk öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemekden alnan süýümi, linti, ulýugy ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlara ýerlemäge mümkinçilik berildi. Olar bu işi özbaşdak ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda, ýa bolmasa döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça--“Türkmenpagta” döwlet konserninde amala aşyryp bilerler. Munuň özi daýhanlaryň zähmet öndürijiligini, barha bol hasyly almaga gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmaga itergi boldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýylan çenli döwür üçn Milli maksatnamasynda" beýan edilen, oba ýaşaýjylarynyň maddy hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hem bu babatda uly ähmiýeti bar.
Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu forumyň esasy maksady pudagyň ykdysady kuwwaty, ykdysadyýetiň möhüm ugrunda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, pagta süýümini gaýtadan işlemek, enjamlary öndürmek we beýlekiler babatda ýöriteleşýän iri dünýä kompaniýalary bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr.
Häzirki ýygym möwsüminiň barşynda Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna pagta, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 300 müň tonna, Mary welaýatynda 313 müň tonna “ak altyn” taýýarlamak bellenilýär. Gowasa üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 545 müň gektara barabardyr. Ýazda şol ýerlere gowaçanyň orta we inçe süýümli sortlary—“149 F”, “133-F”, “Ýolöten—7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten—39”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten—32” görnüşleri ekildi.
Umuman alnanda, pagta ýygymy möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si, şeýle hem pagtany daşamak üçin niýetlenen ýük awtoulaglarynyň 2786-sy, traktorlaryň 2036-sy we traktor tirkegleriniň 3296-sy işlediler. Ýerlerde pagta ýygnamak işiniň sazlaşykly guralmagy üçin ulanylýan tehnika gije-gündiziň dowamynda tehniki we serwis taýdan hyzmat edilýär, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de pagtany el bilen ýygýan gelin-gyzlaryň zähmet öndürijiligi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Maşyn bilen pagta hasyly ýygnalmazdan öňürti işläp geçmek üçin zerur möçberde gowaçanyň ýapragyny düşüriji serişdeler satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir traktorlar däl, eýsem, raýat awiaziýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.
Taýýarlaýyş bölümleriniň 156-sy we pagta arassalaýjy zawodlaryň 36-sy pagtanyň täze hasylyny kabul etmäge taýýarlanyldy. Kabul ediş bölümlerindäki we zawodlardaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň berk barlagyny üpjün ederler, şol hasyl “Ak altyn” pagta söwda kärhanasynyň wekilleriniň we pagta öndürijileriň gatnaşmagynda kabul edilýär.
2014-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde öňdebaryjy kärdendeçi pagtaçylaryň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň zähmetini höweslendirmek üçin Türkmenistanyň Demokratiki partiýasynyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmenpagta” döwlet konserni, şeýle hem “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däp bolan bäsleşigi geçirýärler.
Ir bilen Ahal welaýatynyň Derweze, Lebap welaýatynyň Galkynyş we Mary welaýatynyň Mary etraplarynda kabul ediş nokatlarynda we pagta arassalaýjy zawodlarynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Töwerekdäki ekerançylyk meýdanlaryndan bu ýere “ak altyndan” mazaly ýüklenen, döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň kerweni geldi.
Asylly däbe görä, hasyl ýygnamagyň başlanmagyna hormatly ýaşulular we din wekilleri ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy hem-de rowaçlygy hakynda Gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, aýat-töwür okadylar.
Türkmen halkynyň gowaça ösdürip ýetişdirmegiň köp asyrlyk taryhynyň janly beýany bolan ahalteke bedewlerinde jigitleriň ugratmagynda pagta ýüklenen düýeler “ak kerwenleriň” öňüni çekip gelýärler.
Hasyl ýygnamak möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk ministrliginiň “Türkmenpagta” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýdanbank” döwlet täjirçilik bankynyň düzümleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, esasy agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler hem-de kärendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar.
Oba hojalyk tehnikasynyň, önümleri gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergileri görkezildi. Artistler, sazandalar we aýdymçylar, welaýatlaryň tans hem-de halk döredijiligi toparlary gyzykly konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar boldy. Önümçiligiň öňdebaryjylary—pagtanyň ýokary hasylyny kemala getiren iň oňat kärendeçi-pagtaçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.