Şu gün Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtda gurlan “Älem” we “Jahan” atly iki sany täze tirkeg gämileri geldi. Portuň kenaryna gelen gämileri garşylaýyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Täze tirkegler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Türkiýäniň gämigurluşyk kompaniýasynyň baglaşan şertnamasy boýunça guruldy.
Köpugurly tirkegler döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan 2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alyndy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde iri möçberli ulag taslamalarynyň biri bolan täze Halkara deňiz portunyň gurluşygyna hut özi badalga berdi. Ol döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzakmöhletleýin geljekde sebitara aragatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik berer, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açar.
Nobatdaky täze döwrebap gämileriň gelip gowuşmagy döwlet Baştutanymyzyň ösen ulag düzümini we milli deňiz flotuny çalt kemala getirmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeliriniň üstünlikli we maksadalaýyk ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ähmietli köpsanly gämileriň satyn alnandygyny bellemek ýerliklidir. “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, “Bitarap”, “Etrek”, “Alaja”, “Kenar” nebit daşaýan tankerleri Türkmenistanyň buýurmasy boýunça häzirki zaman halkara ülňülerine gabat gelýän milli gämi flotiliýasyny kemala getirmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruldy. Şonuň netijesinde, deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň möçberleri ýyl-ýyldan artýar, Türkmenbaşy deňiz portuna girýän daşary ýurt gämileriniň möçberi hem köpelýär.
“Älem” we “Jahan” täze tirkeg gämileri deňiz ulaglaryny bellenen nokadyna tiz ýetirmek üçin niýetlenendir. Bu bolsa ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine sarp edilýän wagty gysgaldar. Mundan başga-da, tirkegler ýangyn söndüriji serişdeler we beýleki iň döwrebap goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi deňiz kenarynyň zolagynda we portda gämileriň hereketiniň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrar.
Gämileriň gurlan ýerinden bu ýere çenli ýüzüş geçiren täze gämileri dolandyryjylar türkmen kenarynda duz-çörek bilen garşylandy. Olaryň kapitanlary gämileriň sag-aman gelendigi barada hasabat berdiler hem-de holrmatly ýaşululary we çagalary onuň üstüne çykyp görmäge çagyrdylar. Milli däbe görä, ýaşuly nesliň wekilleri täze gämileriň gelmegi mynasybetli ak pata berdiler we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň gülläp ösmegini dileg etdiler. Bu wakanyň hormatyna döredijilik toparlary dabara gatnaşyjylaryň öňünde baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.