Oba hojalyk hünärmenleriniň baha bermegine görä, şu ýyl Ahal welaýatynda gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin diýseň oňaýly boldy. Bu esasy medeni ekiniň ekişi gysga möhletlerde we ýokary hilli tamamlandy. Howa şertleri bolsa gowaçalaryň gyradeň gögermegine we çalt ösmegine oňaýly şertleri döretdi.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, hasylyň bir bölegi el bilen ýygnalar. Elbetde, el bilen ýygnalan hasylyň hili maşyn bilen ýygnalana hasylyň hilinden ýokary bolýar. Şol wagtyň özünde hem, el bilen ýygmak wagty köp sart edýär. Bu ýagdaýy bolsa göz öňünde tutup ýa-da howanyň birden üýtgäp, ýagynly ýa-da aýazly bolmagy mümikn. Şonuň üçin hem howanyň amatly pursatlaryny netijeli peýdalanayp, ýetişen hasyly wagtynda watan harmanlaryna tabşyrmaly. Şonuň üçin hem welaýatda pagta ýygyjy maşynlara uly bil baglanylýar.
Eýýäm pagta ýygýan kombaýnlar üçin ekin meýdanlary kesgitlendi. Ol 43 müň gektar meýdandan ybaratdyr. “Ak altyny” ýygym işlerine “Jon Dir” we “Keýs” kysymly kombaýnlaryň 100-den gowragy gatnaşar. Olaryň sazlaşykly işlemeklerini üpjün etmek üçin öňünden gowaçanyň ýapraklaryny düşürmek, çilleri tekizlemek işleri geçiriler, kombaýnlaryň öwrüm etmekleri üçin ýerler taýýar ediler. Eýýäm etraplaryň ählisinde ýerüsti pürküji enjamlaryny, oba hojalyk uçarlary üçin uçuş-gonuş zolaklary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Kombaýnlar bilen ýygym geçirmek üçin bölünip berlen ýerlede gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işlerini on günde tamamlamak göz öňünde tutulýar.
“Obahyzmat” kärhanasynda belleýişleri ýaly, Ahal welaýatynyň etraplarynda tehnikalaryň ählisi zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýaglary bilen doly üpjün ediler. Tiz kömek tehniki göçme ussahanalary döredildi.
Hasyl ýygymyna gatnaşýan mehanizatorlar we beýleki hünärmenler üçin meýdan düşelgelerrinde gyzgyn naharlar taýýarlanar.