Ï Dokma önümleriniň ýarmarkasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dokma önümleriniň ýarmarkasy

view-icon 928
Paýtagtyň “Altyn asyr” haryt merkezinde ýurtda öndürilýän dokma önümleriniň ýarmarkasy geçirilýär

Ýurduň ýeňil sengatynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän trikotaž, çagalar we ulular üçin jinsi geýimleri, köýneklik matalar, şeýle hem ýüpek halylary, hojalykda ulanylýan dürli görnüşli dokma önümleri – ýorgan-düşek daşlary, ýumşak matalar we beýlekiler müşderileriň ünsüni çekdi.


Türkmen bezegçileriniň hakyky matadan – ýeňil, gigroskopik, ekologiýa taýdan arassa, dürli reňkleri bilen tapawutlanýan, dünýä modalar senagatyny we biziň milli däplerimizi göz öňnüde tutup taýýarlanan geýimler müşderilerde uly gyzyklanma döretdi. Şu günler mekdep okuwçylary üçin taýýarlanan tüýýar tikin önümleri alyjylar tarapyndan uly gyzyklanma döredýär.


“Altyn asyr” haryt merkezinde geçirilýän ýarmarka 1-nji sentýabra çenli dowam eder.