Ýurduň gowaçaly meýdanlarynda – iň gymmat bahaly hem-de arassa pagtany el bilen ýygmak işleri ýaýbaňlandyryldy. Pagta ýygyjy maşynlar ak altynly atyzlara birneme soňrak giriziler. Pagtaçylar, hanalaryň açylşyna görä baha bermek bilen, pagta ýygyjy maşynlara oňaýly bolar ýaly gowaçalaryň ýapraklaryny düşürmek işlerini öňünden geçirerler.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri gowaçany ösdürip ýetişdirmek bilen bagly bolmadyk başga aladalardan dyndarmak üçin döwlet pagta önümçiliginiň birnäçe meselelerini we zerurlyklaryny ýokary derejede çözmek üçin birnäçe edaralary kesgitledi.
Gowaçany ösdürip ýetişdirmegi Oba hojalyk ministrligi sazlaşdyrýar, “Obahyzmat” Döwlet birleşigi oba hojalyk önümlerini öndürijileriň möwsümleýin işlerini tehnika bilen üpjün edýär, “Türkmenpagta” DK ýygnalan hasyly daşamagy we satyn almagy amala aşyrýar hem-de kärendeçileri tohum bilen üpjün edýär, Suw hojalygy ministrligi ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýär hem-de ekin meýdanlarynyň artykmaç suwarylmagyndan goraýar, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bolsa mineral dökünleri bilen üpjün edýär. Ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-ny, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň toplumlaryny, şeýle hem ýag kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek bu edaralaryň sazlaşykly işlemekleriniň netijesi bolup durýar.
Gowaçanyň täze hasyly eýýäm kabul ediş nokatlaryne gelip gowuşýar, “ak altynyň” düýbüni tutmak we bolçulygyny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Türkmenpagta” DK gowaçanyň tohumyny taýýarlamak boýunça häzirki zaman önümçiliginiň birnäçesini gurýar. Bu kärhanalarda tohumlar arassalanylýar, maddalar bilen gaýtadan işlenilýär. Bu bolsa gowaça geljekde hapa-haşal otlara, zyýan berijilere we kesellere garşy durmaga mümkinçilik berýär. Soňra tohumlar iriligi boýunça bölünýär, soňra tohumlar ilkinji ekilen wagtynda ýokumly mineral iýmiti bilen üpjün edilmegi üçin ýörite düzüm bilen daşy örtülýär. Şunuň ýaly ilkinji kärhana eýýäm Köneürgençde guruldy. Onuň kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna tohumlyk gowaça çigdini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Arassalanan tohumlar her gektara bary-ýogy 25 kilogramdan berilýär, öňler arassalanmadyk gowaça tohumlary her gektara 120 kilogramdan harç edilerdi. Şular ýaly kärhanalar Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda, Ahal welaýatynyň “Altyn asyr” etrabynda gurulýar, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda şeýle kärhananyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Bu kärhanalar sebitleriň pagtaçylyk hojalyklaryny gerek bolan önümler bilen üpjün eder.