Ï Balkan welaýatyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 732
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň dolandyryş binasynda Balkan welaýatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere we olary üstünlikli amala aşyrmak boýunça çäreleri kesgitlemäge bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Balkan welaýatynyň häkimi, şeýle hem günbatar welaýatyň käbir şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe döwlet derejesindäki däl-de, eýsem halkara ähmiýetli möhüm taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly bolan işleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.

Şol taslamalaryň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň türkmen bölegini çekmek boýunça işleri tamamlanyndan soň açylan mümkinçilikler aýratyn orun eýeleýär. Bu demirýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly ugry üpjün etmäge gönükdirilendir. Maslahata gatnaşyjylar bu demirýoluň ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan garaşsyz bitarap Türkmenistanyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar diýip bellediler.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, häzirkizaman ulag ulgamyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar we günbatar welýaty, şeýle hem tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş eden ýolbaşçylar we hünärmenler Balkan welaýatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hakynda hasabat berdiler. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen günbatar welýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň ençemesini gurmak boýunça uly işler geçirilýär.

Şeýlelikde, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen senagat toplumlaryny, saglygy goraýyş, suw hojalygynyň desgalaryny, elektrik geçiriji ulgamlary, täze ýollary gurmak we beýleki taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi welýaty has-da ösdürmäge, şol sanda ýurdumyzyň eksport mümkiçniliklerini artdyrmaga kuwwatly itergi berer.

Maslahatyň jemleri boýunça ozal kabul edilen degişli maksatnamalara we meýilnamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümligini nazara almak bilen, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri kesgitlendi.

Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini has-da ösdürmek boýunça öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öz bilimlerini, güýçlerini we tejribelerini gaýgyrman, has-da tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.