Ï Ýol gurluşygy üçin esas
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýol gurluşygy üçin esas

view-icon 1113
Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynda «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasy ýokary hilli bitumy öndürýän enjamy gurnaýar. Bu taslamany amala aşyrmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ABŞ-niň 78 million dollaryndan gowrak maýa goýmy goýuldy. Baglaşylan şertnama laýyklykda, ýol bitumyny öndürýän tehnologiki enjam ýylda 37,2 müň tonna önüm öndürer. Bu önüm awtoulag ýollarynyň gurluşygynda esasy önümleriň biridir.

Gurluşyk meýdançasy 9 gektar töweregi meýdany eýeleýär. Onda iki çalşykda 300-den gowrak adam işlär. Bu täze senagat desgasy eýýäm şu ýylyň ahyrynda ulanmaga taýýar ediler.

Türkmenistanyň howa aýratynlyklary şertlerinde yssa durnukly bitumy nädip öndürmeli? Bu meseläni «Trading Europe Limited» kompaniýasynyň hünärmenleri TNGIZT we Ufanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň (Russiýa) kärdeşleri bilen bilelikde çözdüler.

Olar düzüminde parafin we kükürt bolan türkmen nebtinden bitumyň önümçiligini 15 ýyllap öwrendiler. Alymlar özleriniň tejribelerinde ýokary hilli ýol bitumyny almagyň tehnologiýasyny ulandylar. Okislemegiň ýerine wisbrekingiň tehnologiýasy ulanyldy. Bu usul pes molekulýar uglewododrodlarda uglewododrod serişdeleriniň aşak düşmegidir. Bu usullaryň netijesinde bitumyň hili epesli gowlanýar.

Ýokary parafinli türkmen nebtinden halkara ülňülerine doly laýyk gelýän ýokary hilli ýol bitumyny almaga mümkinçilik berýän tehnologiýa işlenilip taýýarlanyldy. Teklipler TNGIZT we SNGIZ alynan nebit önümleri esasynda pilot enjamynda geçirilen jikme-jik synaglar netijesinde esaslandyryldy.