Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna başlandy.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň pagta ýetişdirilen meýdany 140 müň gektary tutýar. Pagtaçylar bu ýerden “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnap almagy maksat edinýärler. Welaýatyň ekerançylary sebitiň toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan gowaçanyň “149F”, “S-4727”, “Daşoguz-120” we “Serdar” ýaly orta süýümli sortlaryny ekdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň pagta ýygymyny ýokary hilli we gysga möhletlerde, takyk, bökdençsiz geçirmek barada öňde goýan wezipesini ýerine ýetirmek üçin welaýatda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almakda ýokary öndürijilikli “Jon Dir” we “Keýs” kombaýnlary, pagtany daşamakda bolsa ýük awtoulaglarynyň we tirkegli traktorlaryň köp sanlysy ulanylýar. Pagtany kabul edýän harmanhanalar we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündiz işlemäge taýýar edildi, olaryň ýanynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalar ýerleşýär. Olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan pagtanyň hilini barlaýarlar.
“Daýhanbankyň” ýerli bölümlerinde pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar.
Köneürgenç etrabynda ýerleşýän täze pagta arassalaýjy zawoda tarap ugur alan üsti “ak altynly” awtoulaglar kerweni Daşoguz welaýatynda pagta ýygym möwsüminiň başlandygyny alamatlandyrdy. Täze tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen kärhana şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda işe girizildi. Bu ýerde her ýylda pagtanyň 40 müň tonnasy gaýtadan işlenip, geljekki hasyl üçin saýlama tohumyň 15 müň tonnasyna golaýy taýýarlanar. Ýeri gelende aýtsak, bu zawod bilen birlikde Köneürgenç etrabynda döwrebap pagta egriji fabrigi ulanmaga berildi. Görogly etrabynda hereket edýän pagta arassalaýjy zawodda bolsa täze bölüm açyldy. Şeýlelikde, oba hojalyk toplumynyň sebitdäki düzümini döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim ädildi. Pagta arassalaýjy pudak onda esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombanýçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.
Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny dileg edip, “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine ak pata berdiler. Soňra Döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen, üsti “ak altynly” awtoulaglar we tirkegli traktorlar pagta arassalaýjy zawoda tarap ugur aldylar.
Dabaranyň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we welaýat oba hojalyk toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatyň döredijilik toparlary dürli öwüşginli konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça däbe öwrülen ýaryşlar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna—pagtanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren ussat ekerançylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.