Ï Global hyzmatdaşlygyň V maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Global hyzmatdaşlygyň V maslahaty

view-icon 831
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutynda Bütindünýä bankynyň howandarlyk etmeginde Ýewropa we Orta Aziýa sebitleri /GGFR/ boýunça ugurdaş gazy ýakmagyň möçberini azaltmak barada hususy we döwlet pudaklarynyň arasyndaky global hyzmatdaşlyk guramasynyň V maslahaty geçirildi.

Maslahata köpsanly daşary ýurt wekiliýetleri – Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Norwegiýanyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň birnäçe öňdebaryjy ylmy-barlag institutlarynyň we kompaniýalarynyň, Bütindünýä bankynyň, şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2002-nji ýylda döredilen GGFR nebit gazyp alýan ýurtlaryň hökümetleri, ugurdaş gazyň /PNG/ tygşytly pedalanylmagynyň möhüm wezipelerini çözýän halkara we milli nebit kompaniýalary, halkara institutlary we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar üçin forum bolup durýar.

Häzirki wagtda hökümet guramalarynyň we agentlikleriniň, halkara we milli nebit kompaniýalarynyň 30-sy global hyzmatdaşlygyň agzalarydyr. Hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi gazy netijeli gaýtadan ulanmak boýunça wezipeleri çözmekde agza guramalara ýardam etmekden ybaratdyr. Munuň özi gaz syýasatyny, PNG-y tygşytly peýdalanmak ulgamynda kanunçylyk we kadaladyryjy-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini seljermek, PNG-y gazyp almagyň we ýakmagyň möçberi babatda statistika maglumatlarynyň hilini gowulandyrmak, gazy gaýtadan ulanmagyň milli we hususy maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de durmuşa geçirmekde kömek bermek arkaly amala aşyrylýar.

Maslahatyň işi bu pudakda Türkmenistan tarapyndan gazanylan üstünlikler, ekologiýa babatda ileri tutulýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagynyň kuwwatlylygynyň artdyrylyşy barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilmeginden başlandy.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dürli ýurtlarda PNG-y aýawly peýdalanmagyň strategiýasy, fakel gazlaryny çalşyrmak we olary gaýtadan işlemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribesi, ugurdaş gazyň ýakylmagynyň daşky gurşawa täsirini azaltmak babatda nebit kompaniýalarynyň işleri, uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň geljegi global ugurlary we beýlekiler ýaly meseleler gozgaldy. Bulardan başga-da, global hyzmatdaşlygyň bilermeni ugurdaş gazy gaýtadan ulanmagyň birnäçe ugurlaryna degişli giňişleýin ykdysady syn bilen çykyş etdi.

Bu meseläniň ekologiýa ugrunyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň barşynda hünärmenler daşky gurşawy goramakda, milli meselelerde bolşy ýaly, sebit we dünýä möçberindäki meseleleri çözmäge gönükdirilip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan tebigaty goraýyş syýasatyna ýokary baha berdiler. Şu babatda Türkmenistanda hereket edýän senagat desgalary döwrebaplaşdyrylanda we olaryň täzeleri gurlanda ekologiýa abadançylygynyň goralmagy ileri tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny ösdürmegiň maýa goýum ugruny höweslendirýär. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ölçeglerine we talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak maksady bilen çäreler görülýär. Şol zawod - fabrikler hökmany tertipde daşky gurşawa howpsuzlygy babatda degişli seljermeden geçýärler.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň ilkinji desgalarynyň biri bolan Türkmenbaşy şäheriniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň iri möçberli maksatnamasyny anyk mysal hökmünde agzap bolar. Bu ýerde täze zawodlaryň gurluşygy, hereket edýän tehnologik enjamlaryň hem-de önümçilik düzümleriniň beýleki desgalarynyň düýpli abatlanylyp, döwrebaplaşdyrylyşy daşky gurşawa zyýan ýetirmegiň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň we tehniki çözgütleriň ulanylmagy bilen alnyp barylýar.

Mundan başga-da, kärhanada fakel hojalygy gurnalandyr, nebit önümlerini saklamak üçin desgalar uglewodorodlaryň buglarynyň howa düşmeginiň öňüni alýan döwrebap ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ugurdaş gazy peýdalanmagyň has giňden ýaýran görnüşleriniň birnäçesi, fakellerde ýakmagyň alternatiw görnüşleri bardyr. Birinjiden, bu PNG-niň nebiti bermeginiň ýokarlanmagy ýa-da onuň geljek üçin serişde hökmünde saklanmagy üçin nebit itekleýjilere sordurylmagydyr. Ikinji görnüşi ugurdaş gazy elektrik energiýasyny öndürmek üçin we ýerlerde nebit gazyp almak üçin kärhanalaryň zerurlyklary, şeýle hem elektrik energiýasyny işläp çykarmak we ony umumy elektrik ulgamyna ibermek üçin ýangyç hökmünde peýdalanmakdan ybarat bolup durýar.

Häzirki wagtda ugurdaş gaz nebit gazyp almagyň gazlift tehnologiýasynda giňden peýdalanylýar. Ol Türkmenistanyň iri ýataklarynda giňden ýaýrandyr. Ýöne onuň köp bölegi ulanylmaýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysady ösüşiniň strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen, nebitgaz pudagynyň hünärmenlerine ugurdaş gazy halk hojalyk toplumynda peýdalanmak üçin täze ýollary tapmagy tabşyrdy. Bu bolsa ahyrky netijede, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Çünki nebit guýularynyň gazy butan-propan garyndylaryna baýdyr. Olar arassa görnüşinde suwuklandyrylan gazdyr.

Has tygşytly peýdalanmagyň görnüşi PNG-niň gaýtadan işlenmegi bolup durýar. Onuň nebitgazhimiýa üçin çig mal hökmünde peýdalanylmagy polietilen, polipropilen, sintetik kauçuk, polistirol, poliwinilhlorid we beýleki önümleri almaga mümkinçilik berýär. Bu önümler bolmasa, häzirki döwürde adamzadyň durmuşyny we ykdysadyýeti göz öňüne getirmek mümkin däldir, şondan aýakgap, egin-eşik, önümleri gaplamak üçin serişdeler, gap-gaçlar, enjamlar, senagat we durmuş ähmiýetli dürli önümler, turbalar, turba geçirijileriň abzallary, lukmançylyk we ylym üçin serişdeler we beýlekiler alynýar. PNG-niň gaýtadan işlenmegi gury gazy bölüp almaga mümkinçilik berýär. Ol bolsa tebigy gaza meňzeşdir.

Mahlasy, ugurdaş nebitgazyny rejeli peýdalanmak meselesi diňe bir nebit we nebitgazhimiýa pudagyny ösdürmek babatda möhüm bolman, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň hem wajyp ugruna öwrülýär. Ýakyn geljekde gymmatly uglewodorodlary düýpli işläp taýýarlamak we netijeli peýdalanmak boýunça maýa goýum maksatnamasy durmuşa geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş nebitgazynyň peýdalanylmagy “ýaşyl ykdysadyýete” geçmegiň möhüm tarapy bolup biler. Ykdysadyýetimiz üçin örän wajyp bolan Watanymyzyň nebitgazhimiýasynyň, şol sanda PNG-niň esasynda bu ulgamyň ösüşi daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga, energiýanyň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsirleriň öňüni almaga ýardam eder.

Ugurdaş gazy ýakmagyň möçberlerini azaltmak diňe bir nebit gazyp alýan pudaklaryň wekilleriniň hem-de nebit öndürýän ýurtlaryň çözmeli tehniki we ykdysady häsiýetli wezipesi däldir. Bu wezipe energetika meseleleriniň gurşawynda gatnaşyklary gurmak üçin wajypdyr. Onuň barşynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesi özara bähbitleri we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmäge hem-de energiýa tygşytlylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän energiýanyň ekologiýa taýdan arassa çeşmelerine elýeterliligi üpjün edýän çözgüdi gözleýärler.

Ýewropa we Orta Aziýa sebitleri boýunça ugurdaş gazy ýakmagyň möçberini azaltmak barada hususy we döwlet pudaklarynyň arasyndaky global hyzmatdaşlygyň V maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu toplumlaýyn meseläniň özara kabul ederlikli çözgüdini tapmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ymtylmalarynyň berkeýändigini nygtadylar.

Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalarynyň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň ýolbaşçylygy bilen duşuşygy geçirildi. Mundan başga-da, forumyň barşynda GGFR-niň Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlary boýunça sebit utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi boldy. Onda bu komitetiň täze başlygy saýlanyldy.

Maslahata gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde myhmanlar türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanşarlar.