Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 31-si ýasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt walýutasyna gurluşyk tehnikasy, nah ýüplük we pagta süýümi ýerlendi. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Belizden, Lihtenşteýnden gelen wekiller satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden we Ukrainadan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 11 million 11 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerli telekeçiler umumy bahasy 506 müň manatdan gowrak polipropilen, azyklyk bugdaý we süýüm übtügini satyn aldylar.