Ï Elektroenergetika: pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektroenergetika: pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

view-icon 794
>“Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasy toplumlaýyn edara bolup,energetika desgalarynyň ulanyşyny we hyzmat edilşini, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edilmegini üpjün edýän, elektrik geçirijileriň sim we howa liniýalarynyň çekilşiniň gurluşygynyň alnyp barylmagyny, şol sanda elektrink energiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmaklygy üpjün edýär. Mundan başga hem, korporasiýanyň bölümleri meýilnama borçnamalaryndan daşgary hem “2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky we etrap merkezlerindäki şäherleriň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyna” laýyklykda, energetika desgalarynyň gurluşygyny alyp barýarlar.

Bu maksatnamamnyň kabul edilen gününden häzirki wagta çenli kuwwatlylygy 0,4-220 kW bolan elektrik geçirijileriň kabel we howa geçirijileriniň sekiz müňden gowrak kilometri çekildi, 2008-nji ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda dürli kuwwatlyklary bolan transformatorlaryň 3000-den gowragynyň durky täzelendi we guruldy, Ahalda, Awazada, Balkanabatda dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnologoýalary bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrik beketleri guruldy.

Ýakyn ýyllarda energetikleriň öňünde deňiz kenarynyň täze önümçilik we durmuş gurluşlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek wezipesi durýar. Önümçilik we durmuş desgalary “Demirgazyk-Günorta” transkontinental demir ýolunyň töwereginde gurlar. Demir ýolunyň ugrunda guruljak elektrik energiýalaryny geçirijileriň, kiçi beketleriň, elektrik geçirijileriň liniýalarynyň, beýleki desgalaryň taslamalary taýýarlanylýar.


Energiýany köp harç edýän senagat önümçiliginiň ulanmaga berilmegi bilen, golaý geljekde täze energetika kuwwatlykalry gurmak meýilleşdirilýer. Şeýlelelikde, “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda, welaýatlarda gazturbinaly elektrik beketleriniň 14-sini gurmak meýilleşdirildi. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bir wagtyň özünde kiçi gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurluşygyna başlandy. Olaryň ilkinjisi, kuwwatlylygy 141,7 megawat bolan beket geçen ýylyň ahyrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ulanmaga tabşyryldy. Ikinjisi - kuwwatlylygy 149,2 megawatt bolan beket 2014-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga tabşyryldy. Mary döwlet elektrik bekediniň giňeldilýän böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri tamamlandy. Bu ýerde jemi kuwwatlyly 146,4 MWt bolan gaz turbinalaryň üçüsi oturdyldy. Häzirki wagtda bu ýerde göýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Bu desgany 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk günündew ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.


Häzirki wagtda “Türkmenenergonyň” hünärmenleri türkiýäniň “Çalyk enerji” kompaniýasy bilen bilelikde paýtagtyň sebitiniň energetika enjamlaryny we elektrik torlaryny döwrebaplaşdyrmak barada iri göwrümli taslamanyň ikinji we üçünji tapgyryny amala aşyrmaga girişdiler. Köne we täze gurluşyklaryň sebitlerinde häzirki zaman kuwwatly elektrik beketleri gurulýar, howa liniýalary ygtybarly kabel torlary bilen çalşylýar. Şäheriň çalt depginler bilen ösmegijni, paýtagtyň ilaty tarapynda elektrik energiýasynyň sarp edilşiniň möçberiniň artmagyny nazara alamak bilen, enjamlaryň we torlaryň çalşylmagyny talap edýär. Şäheriň elektrik üpjünçiliginiň durkuny täzelemegiň birinji tapgyrynyň dowamynda ýokary woltly kuwwatlylygy 110, 35, 10 kW bolan kiçi beketleriň 27-sini we transformator nokatlarynyň 100-si töweregini gurmak göz öňünde tutulýar. Energetikleriň şäheriň çäklerinde könelen howa simlerini kabel torlaryna çalyşmak işlerini yzygierli alyp barýarlar, täze gurulýan ýaşaýyş toplumlaryna onlarça kilometr kabeli çekýärler.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň eksporta iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Marynyň döwlet elektrik bekediniň açyk paýlaýjy enjamyndan “Atamyrat” kiçi bekedine çenli güýçliligi 500 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Sarp edijileriň elektril üpjünçiligini gowlandyrmak, şeýle hem goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen, 220 kW-lyk “Serdar-Farap”, “Farap-Watan”, “Atamyrat-Pelwert” ýokary woltly elektrik geçirijilriniň gurluşygy tamamlandy, “Mary DES-Atamyrat” we “Atamyrat-Andhoý” (Owganystanyň serhedine çenli) 500 kW-lyk elektrik geçirijisisniň ýokary woltly liniýalarynyň gurluşygy tamalanyp barýar.


Mundan hem başga, türkmen elektrik energiýasyny eksporta artdyrmak maksady bilen, 400 kW-lyk güýçli “Mary-Maşat (Eýran)” we “balkanabat-Aliabad (Eýran)” howa elektrik geçirilijiler liniýalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu bolsa elektrik geçirijisini Eýrana we eýran elektrik ulgamy arkaly Türkiýä üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Her ýylda goňşy döwletlere iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberimöçberi 2,8 mlrd. kWt/s düzýär. Bu göterim babtdaTürkmenistanda öndürilýän umumy elektrik energiýasynyň 15 göterimini düzýär.