Salkyn günleriň başlamagy bilen “Aşgabatýylylyk” edarsynyň hünärmenleri üçin gyzgalaňly günler başlaýar. Her bir ýyladyş möwsümi olar üçin hünär ussatltgynda özboluşly synag bolup durýar. Ýöne bu ýerde, eger-de howanyň maýyl günleri yhlas bilen işleseň , tehnikany wagtynda abatlasaň, derde ýaramaýanlaryny täzesine çalyşsaň, onda möwsümde näsazlyklar örän az bolar. Şular ýaly yhlasa bolsa ýokary baha beriler.
Edaranyň hojalygy örän uly, diňe bug gazanlarynyň sany 176 sany. Olaryň her birinden ýylylyk dürli ugurlar boýunça ýaýraýar, onuň umumy uzynlygy bolsa 500 kilometre ýetýär. Täze 2014-2015-nji ýyllaryň ýyladyş möwsümine “Aşgabatýylylyk” edarasynyň hünärmenleri ýyladyş torunyň 21,5 kilometrini çalyşdylar. Köpetdag etrabynda (8,9 kilometr), Berkararlyk (8,5 ) we Bagtyýarlyk (1.9) etraplarynda ýyladyş ulgamlarynyň durkyny täzelemek işleri amala aşyryldy. Elewator uzelleriniň ählisinde we teplofikasion guýularynda öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirildi.
Çagalar edaralary “Aşabatýylylyk” edarasynyň aýratyn üns merkezinde durýar. Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ählisiniň esasy we kömekçi enjamlarynda öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirildi, turbalary bölekleýin çalşyldy. Ýylylyk üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çagalar baglaryny we mekdepleri ýyladýan bug gazanlarynyň birnäçesi merkezi ýyladyş ulgamyna birikdirildi.
Aşgabtlylaryň öýlerinde ýylylygy gowlandyrmak maksady bilen bug gazanlary ýuwaş-ýuwaşdan modullara çalşylýar. Bu günki gün Aşgabatda modul bug gazanlarynyň 63-si işleýär. Şu ýyl ýakynda Mežlauka we Kemine köçelerine hyzmat etjek modul bug gazannynyň gurluşygy tamamlandy. Indiki nobat Duşenbe, Ostrowskiý, B.Kerbababýew, Lermomtow, Prosweşeniýa köçelerniňki. Modul bug gazany - ol kiçi bug gazany bolup, öňkilerden tapawudy - merkezi bug gazanyndan tapawudy - paýtagtyň häzirki zaman arhitektura bezegi bilen gowy hilli sazlaşýar.
“NT” gazetiniň habarçylary şeýle bug gazanlarynyň birinde bolup gördiler. Enjamlaryň ählisi germaniýada öndürilen. Bug gazanlarynyň ikisi (biri esasy, beýlekisi ätiýaçlyk üçin) kompýuterli pannoly. Onuň netijesinde gyzgynlygyň we basyşyň ölçeglerine esawan edip bolýar. Diňe bir bug gazanlary däl, eýsem beýlekiu enjamlaryň ählisi hem esasa we ätiýaçlyga bölünýär. Sebäbi, haýsydyr bir enjam näsazlyk tapsa ony abatlamak öýlerdäki ýylylga täsir edip bilmez. Modul bug gazanlarynyň ulanylmagy ýylylyk tor ulgamynyň uzynlygyny gysgaltmaga mükinçilik berýär. Hünärmenleriň tassyklaýyşlary ýaly, onyň oňyn tarapy hem şunda: gysgaldylan ýylylyk tory ýylylyk energiýasynyň ýitmegine päsgelçilik berýär, tebigy serişdeleriň – suwyň, gazyň, elektrik energiýasynyň tygşytlanmagyny üpjün edýär.
Onuň ýene-de bir oňyn tarapy – ýylylyk toruny merkezi köçelerden çekmage bolan mümkinçiligidir. Bu bolsa ýylylyk ulgamynyň hatardan çykan halatynda, merkezi köçeleriň gatnaw böleginde abatlaýyş işlerini geçirmesiz bolar, ýola düşelen gymmat bahaly asfalt örtügini bozmaly bolmaz.