Ï Ýurduň telekeçileriniň baýramçylyga mynasyp sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň telekeçileriniň baýramçylyga mynasyp sowgatlary

view-icon 1003
Ýurduň baş baýramy – Garaşsyzlyk güni barha ýakynlaşyp gelýär. Bu şanly baýramçylyga ýurduň telekeçileriniň wekilleri hem öz mynasyp sowgatlaryny taýýarlaýarlar. Şunlukda, ýurduň ähli welaýatlarynda köp ugurly söwda bazarlarynyň, Dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň, kitaphanalaryň we beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň, Daşoguzda myhmanhananyň, Ahal welaýatynda gerek bolan gurluşly täze obanyň açylyş dabaralary bolar.

Diňe şu ýylyň özünde hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan hereket edýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we boş wagtyňy gyzykly geçirmek üçin desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berildi. Olardan tomsuň başynda açylyp, ulanmaga berlen paýtagtyň “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähini görkezmek bolar. Ýaňy-ýakynda bolsa Halkara awtoulag terminalynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu günki gün türkmen hususy kompaniýalaryna möhüm desgalaryň gurluşyk, durkuny täzelemek we enjamlar bilen üpjün etmek işleri ynanyldy. Olaryň hatarynda häzirki zaman kottejler tolumyny we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ýaht-klubyny, Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli bolan demir-beton zawodyny görkezmek bolar. Gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardan – Hazaryň kenaryndaky balygy köpeldýän we gaýatadan işleýän önümçilik desgasyny görkezmek bolar. Mundan hem başga paýtagtyň nobatdaky 12-nji we 13-nji tapgyrlarynyň gurluşyk işleri hem hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanyldy. Bu ýerde ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesiniň buýurmasy esasynda mekdepleri, çagalar baglaryny we durmuş ähmiýetli desgalaryny, şeýle hem dolandyryş we beýleki ähmiýetli binalary öz içine alýan ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar.

Telekeçiler tarapyndan işlenilip taýýarlanan taslamalaryň arasynda: Aşgabatda köp derejeli awtoulag duralgasy, kottejler toplumy, senagat kärhanalary, awtoulaglara hyzmat ediş merkezleri, söwda nokatlarynyň birnäçesi we beýleki desgalar, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze terabyndaky keramiki plitalaryny we faýans önümlerini öndürýän zawod, Lebap welaýat häkimliginiň dolandyryş binasy, Atamyrat şäherindäki aeroport, welaýat merkezlerindäki karting üçin awtodromlar bar.

Döwletiň telekeçilere ynanan gurluşyklarynyň hemmesi sanardan kän. Şunlukda, 2014-nji ýylda Türkmenistanda milli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gurluşyk pudagynda ABŞ-niň 41 milliard töweregi dollaryny özleşdirmek bellenildi. Onuň ABŞ-niň 16 milliard dollary ýurduň hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan özleşdirilmegine garaşylýar.

Ýurduň gurluşyk bazarlaryna gatnaşmagy giňeltmekden başga hem, telekeçiler obasenagat we gatadan işleýän toplumy, gurluşyk senagaty, gurluşyk önümlerini we giňden sarp edilýän harytlaryň önümçiligi, söwda we hyzmat ediş ulgamy, logistika ýaly milli ykdysadyýetiň wajyp böleklerinde möhüm orny eýeleýär. Ýeňilleşdirilen karz pullaryň berilmegi we döwelt tarapyndan uly goldawlaryň berilmegi netijesinde ýokary hilli önümleri öndürýän iri hususy kärhanalar gurulýar. Olar ýurduň diňe bir içerki bazarynyň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem geljekde belli eksportýorlar bolarlar. “Hasar”, “Bars”, “Misgär”, “Oguzhan”, “Elin”, “Saglyk”, “Hoşzaman” “Guş toplumy”, “Bereketli”, “Joş” ýaly ýurduň hususy kärhanalary we beýlekiler her bir türkmenistanla tanyşdyr. Türkmenistanlylar ýurtda öndürilýän iýmit önümlerini saýlap almak bilen, diňe bir olaryň tagam aýratynlygyna üns bermän, eýsem olaryň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi bilen üpjün edilen howpsuzlygyna, hakykylygyna we ýokary hilliligine hem üns berýärler.

Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegi oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerinde, kämilleşdirilen salgyt we karz pul ulgamlaryny, dolandyryş mehanizmleriniň ýeňilleşdirilmegini goşmak bilen, döredilen kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň döwlet ýörelgeleriniň netijeliligini beýan edýär. Türkmenistanyň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanylmagy hakynda” kanunynda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldanylmagy öz beýanyny tapdy. Oňa laýyklykda, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegini goladamaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge degişli bolan döwlet maksatnamalrynyň birnäçesi, şeýle hemTürkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararlary işlenilip taýýarlanyldy. 2011-2015-nji ýyllarda Hususylaşdyrmak döwlet maksatnamasynyň çäklerinde desgalaryň köpüsi olary has netijeli ulanmak maksady bilen hususy kärhanalara berilýär.

Salgyt we maliýe ulgamlarynda hem telekeçiler has oňaýly şertler bilen üpjün edilendir. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamak ýurduň we daşary ýurt kompaniýalarynyň maýa goýum işlerini höweslendirýän telekeçilere dürli salgyt- maliýe ýeňilliklerini bermekligi, olara guramaçylyk-tehniki kömeklerini bermekligi, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmekligi we täze kanunlary işläp taýýarlamaklygy göz öňünde tutýar.

Bu ulgamda döwlet syýasatynyň yzygiderli alnyp barylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň başynda gol çeken “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karary hem şaýatlyk edýär. Onuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak maksady bilen, “Rysgal” täjirçilik bankyna 10 ýyl möhlet bilen göterinsiz 300 million manat möçberinde karz pul bermek tabşyryldy. Şeýleleik bilen, “Rysgal” bankynyň üsti bilen telekeçiler maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça öz taslamalaryny amala aşyrmak üçin ýyllyk göterimi 1 göterimden ýokary bolmadyk karz pullaryny almaga mümkinçilik aldylar.

Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, telekeçileriň kanuny gyzyklanmalaryny we hukuklaryny goramak, ýurduň milli ykdysadyýetini ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmek, göwnejaý bäsdeşligi ösdürmek, telekeçiligiň durmuş taýdan jogapkärçiligi we eýeçiligi goramak – ine, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň esasy maksady şulardan ybaratdyr. Bu günki gün ol hususy telekeçileriň 9 müňden gowragyny özüne birleşdirýär. Mundan hem başga, ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň hususy “Rysgal” banky, onuň bilen atdaş gazeti bar, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy jemgyýetçilik işlerini işjeň alyp barýar. Onuň agzalary 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşdylar. Ahlihalk saýlawlarynyň netijesinde ýurduň telekeçileriniň wekilleriniň 14-si halk ynamyny gazandylar hem-de milli parlamentiň täze düzümine goşuldylar.