Ï Güýz – täze aladalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güýz – täze aladalar

view-icon 1030
Güýz paslynyň ilkinji salkyn günleriniň başlanmagy bilen, maldarlaryň iş-aladalary artýar. Ösümlik iýmlerini raýýarlamak möwsümi tamamlanyp barýar, mallary gyşda suwa ýakylýan gurallaryň, agyllaryň we goýun ýataklarynyň durky täzelenýär.

Maldarlar- çarwalar we çopanlar seçgi we goýunlaryň tohumyny gaýtadan dikeltmek, weterinar hyzmatlaryna, öňde duran mallary gyşlatmagyň möwsümine we beýleki meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyna gatnaşdyalr. Mallaryň goça gelýän möwsümine taýýarlyk işleri başlanýar. Onuň guramaçylyk işleri bahar paslyndaky mallardan owlak-guzy almak işleriniň üstünlikli bolmagyna täsirini ýetirýär. Eýýäm guzy alynýan ene mallara baha bermek geçirildi. Möwsüm oktýabr aýynyň birinji ongünliginde başlanýar we 40 güne çenli dowam edýär. Bu bolsa örän uly taýýarlyk işlerini talap edýär. Bu işlere agyllaryň durkuny täzelemek, ene goýunlardan guzylary aýyrmak we olary aýratyn agyllarda saklamak işleri bilen baglydyr. Oňa çenli, ondan soňra hem, goýunlary güýçli iýmitlendirmek işleri geçirilmelidir.

Maldarlaryň öňde duran aladalary instituyň işgärleriniň hem bir bölegidir. Olar möhüm möwsümlerde maldarçylyk hojalyklarynda bolup, ýerlerde guzylaryň tohum we baha beriş ýa-da hojalyklarad gara mallary köpeltmek boýunça möwsümleýin weterinar sanjym işlerini geçirýärler. Şeýlelik billen, alymlar maldarlar üçin tohumçylyk işleriniň indiki ugurlaryny döretmek üçin mallaryň oňat hilli tohumçylyk görkezijilerini hasaba almaga kömek edýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň uly ylmy işgäri Jumageldi Aýtmämmedowyň belleýşi ýaly, garaköli goýunlarynyň tohumynyň hilini gowlandyrmak boýunça esasy ylmy-gözleg işleri ýurduň öňki milli garaköli merkeziniň binýadynda – Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň “Garaköli” Döwlet maldarçylyk birleşiginde geçirilýär. Bu ýerde müňlerçe garaköli goýunlary saklanylýar. Esasy maksat bolsa – gara reňkdäki garaköli goýunlarynyň genofondyny saklap galmakdyr, iň gowy mallary saýlap almak arkaly baş sanyny we agramyny artdyrmakdyr. Hojalykda alynýan gara reňkli garaköli guzylary özüniň hili bilen tapawutlanýar. Alymlaryň geljekdäki meýilnamalary – garaköli goýunlarynyň tohumlyk görkezijilerini gowlandyrmak bilen bir hatarda mallaryň baş sanyny artdyrmak we diri agramyny köpeltmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda baş çopanlar goýunlary abat saklamaga aýratyn üns berýärler. Süriler gijelerine gowy otly öri meýdanlarynda bakylýar. Bu döwürde mallar bir gije-gündüziň dowamynda iki sapar suwa ýakylýar. Mallaryň ýeterlik derjede dok bolmagyna üns berilýär.