Ï Ekiş geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekiş geçirilýär

view-icon 837
Türkmenistanda şu ýyl bugdaý ekmek üçin bölünip berilen 860 müň gektar meýdanynda bugdaý ekişi köpçülikleýin alnyp barylýar. Häzirki wagtda Lebap welaýaty bugdaý ekişinde öňde barýar. Welaýatda umumy ekilmeli 175 müň gektar meýdanyň 50 göterimden gowrak ýerinde ekiş geçirildi.

Bütin ýurt boýunça ekiş işlerini ýarysy geçirildi diýen ýaly – eýýäm umumy ekilmeli meýdanyň 45 göterimden gowrak ýerinde ekiş geçirildi. Bu bolsa 395 müň gektar ýerdir. Her günde 2 göterim töweregi ýerde ekiş geçirilýär.

Pudak edaralarynyň hünärmenleriniň habar berişleri ýaly, bugdaý ekişi agrotehikanyň kadalaryna laýyk geçirilýär. Meýdan düşelgelerinde ekiş möwsümine gatnaşýanlar üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Oba hojalyk tehnikalary we gurallary üznüksiz ýagdaýda işleýär, hyzmat ediş işlerini göçme abatlaýyş toparlary alyp barýaralar. Umuman, ekiş agregatlary dakylan 1700-den gowrak traktorlar işleýar. Mundan hem başga ýer sürýän we şüdügärleýän traktorlaryň üç müňüsi ekin meýdanlarynda tekizleme, keş çekmek we ekişe degişli bolan beýleki işleriň birbäçesini geçirýärler.

Şu ýylky ekiş möwsümi üçin 200 müň tonna töweregi saýlama bugdaý tohumy taýýarlandy. Onuň eýýäm 90 müň tonnadan gowragy ekildi. Şu ýylky ekilýän bugdaýlaryň esaslaryny bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Batko”, “Wassa”, “Irişka” ýaly ýumşak we gaty görnüşleriniň 15-si düzýär. Ýurtda ekilýýän bugdaýlar pes derejeli howa durnukly bolup, olar çalt ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy we hili, kesellere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar.

Mälim bolşy ýaly, güýzlük bugdaý ekişi şu ýylyň 20-nji awgustynda badalga aldy. Ekerançylar bu möhüm oba hojalyk möwsümini oktýabr aýynyň ahyrynda tamamlamagy maksat edinýärler. Ondan soň bolsa has jogapkärli möwsüm bolan ekinlere ideg işleri başlanar.

Ekerançylar 2015-nji ýylda jemi 1 million 600 müň tonna – şol sanda Ahal welaýatynda – 450 müň tonna, Daşoguz welaýatynda – 300 müň tonna, Lebap welaýatynda – 350 müň, Mary welaýatynda – 380 müň tonna, Balkan welaýatynda – 120 müň tonna bugdaý ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.