Ýurduň umumy 545 müň gektar gowaça ekilen meýdanlarynda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde Lebap welaýatynyň pagtaçylary öňde barýarlar. Eýýäm olar pagta harmanyna 115 müň tonna pagta goşup, bellenilen 300 müň tonnanyň 40 göterimini tabşyrydylar.Ýurduň beýleki welaýatlarynda hem pagta ýygymy barha güýçli depgine eýe bolýar. Ahal welaýatynyň pagtaçylary 207 müň tonna, Mary welataýaty 313 müň tonna, Daşoguz welaýaty – 230 müň tonna “ak altyny” watan harmanyna goşmaga borçlanýarlar.
Pagta ýygym möwsümi ýurduň üç welaýatynda awgust aýynyň ahyrynda badalga aldy. Ýurduň demirgazyk sebtinde, howa-toprak şertlerine laýyklykda, hasyl ýygymyna sentýabr aýynyň birinji on günlüginde girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagy bilen, meýdan düşelgelerinde mehanizatorlar, pagtaçylar we beýleki hasyl ýygymyna gatşýanlar üçin gerek bolan şertleriň ählisi döredilendir. Pagta ýygýan kombaýnlar, traktorlar, ýük maşynlary, kömekçi enjamlar üçin tehniki üpjünçilik guralandyr, hyzmat ediş gulluklary döredilendir. Pagtanyň mehanizmler bilen ýygylmagyna ýardam berýän gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri guraldy.
Bu gymmat bahaly çig maly daşamak üçin ýük daşaýan ulaglar hereket edýär, ýurtda taýýarlaýyş nokatlarynyň 159-sy, pagta arassalaýjy zawodlaryň 36-sy, şeýle hem olarda ýerleşýän pagtanyň süýmliliginiň hilini barlaýan barlaghanalar bökdençsiz işleýär.
Şu ýyl ekin meýdanlarynda gowaçanyň 13 görnüşi ekildi. Şol sanda gowaçanyň orta süýümli görnüşleriniň 11-si – “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”ýaly görnüşleri ekildi. Mary we Ahal welaýatlarynda gowaçanyň inçe süýümli görnüşiniň ikisi - “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” görnüşleri ekildi.
“Ak altyn” ussatalry şu ýyl 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.