Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, obasenagat toplumynyň yzygiderli ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmeginiň, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda obasenagat toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we hojalygy ýöretmegiň iň peýdaly usullaryny ornaşdyrmak, dürli ýokary hilli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Öz nobatynda, munuň özi halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, ilaty iş bilen üpjün etmek ýaly möhüm durmuş meselelerini çözmäge ýardam edýär. Çünki, sebitlerde döwrebap bäsleşige ukyply önümçilikleriň döredilmegi täze iş orunlarynyň peýda bolmagyny şertlendirýär.
25-nji sentýabrda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýylda 8 million ýumurtga öndürýän täze guşçulyk toplumynyň açylmagy hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Bu iri desga döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir. Oba hojalygyny düýpli özgertmek, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we ondan netijeli peýdalanmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen anyk ädimleriň ädilmegi netijesinde ekerançylyk we maldarçylyk bilen birlikde guşçulyk hem öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe kärhanalaryň, şol sanda önümlerine uly isleg bildirilýän, Ahal welaýatynda ýerleşýän “Guş toplumynyň” işini mysal getirmek bolar.
Häzirki wagtda bu ulgamda döwrüň talabyna laýyk gelýän täze önümçilikleri döretmek üçin ajaýyp mümkinçilikler açyldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda gurlan iri guşçulyk toplumy hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar – welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ata Watanymyzyň gülläp ösmegi barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginiň oňyn strategiýasyny durmuşa geçirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Oba hojalyk ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň geçirilmegi, şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary, obasenagat toplumynda belent sepgitleriň eýelenmegini şertlendirdi.
Öz tarapyndan, pudagyň zähmetkeşleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtap, ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de mähriban halkymyzyň rowaçlygyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.
Açylyş dabarasynyň çäklerinde guşçulyk toplumynyň gurluşygynda tapawutlanan hünärmenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gummat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Welaýatyň döredijilik toparlary hem bu şanly waka mynasybetli köp öwüşginli çykyşlaryny taýýarladylar.
Täze toplumda guşlary saklamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde ýataklaryň birnäçesi, şol sanda jüýjeleri ösdürip ýetişdirmek üçin iki ýatak, şeýle hem her biri 7 müň sany towuk üçin iki sany ýatak göz öňünde tutulypdyr. Toplumda her biri 25 müň sany ýumurtga berýän towuk üçin iki ýatak hem ýerleşdirilipdir. Bu ägirt uly toplumyň çäginde her biri 38 müň 400 sany ýumurtga niýetlenen, 18 gün saklanýan 4 inkubator we her biri 19 müň 200 sany ýumurtga niýetlenen, üç gün saklanýan 5 inkubator ýerleşýär. Bu inkubatorlar ýylda 400 müň jüýje öndürer.
Guşlar üçin ýokary hilli iým öndürmäge niýetlenen bölümler, ýumurtgalar üçin ammarlar hem göz öňünde tutulypdyr. Täze guşçulyk toplumynyň ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan jaýlarynyň ählisinde arassaçylyk kadalary we talaplary berk berjaý edilýär. Guşçulyk toplumynda 30 iş orny döredilipdir. Zerur bolan ýöriteleşdirilen tehnikalar, şol sanda awtoulaglar, şeýle hem meşhur “Claas” we “Belarus” kysymly traktorlar toplumyň işgärleriniň ygtyýaryndadyr.
Täze kärhananyň açylmagy mynasybetli onuň çäginde ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň görnüşleri barada düşünje almaga mümkinçilik berýän giň möçberli sergi guraldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tonna guş eti öndüriljek şeýle toplumyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda hem gurulýandygyny bellemek ýerlikli bolardy.
Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň önümliligi olaryň doly derejeli iýmitler bilen üpjün edilmegine baglydyr. Şol iýmler bolsa özüne zerur bolan elementleri we biologiki taýdan işjeň maddalary birleşdirýär. Senagat tehnologiýasy şertlerinde ýokary derejede ýokumly utgaşdyrylan iýmleriň zerurlygy ýüze çykýar. Olar ylmy taýdan esaslandyrylan usullar boýunça düzülen dürli iýmlik serişdeleriň sazlaşykly garyndysyndan ybaratdyr.
Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda şu ýylyň iýun aýynda mallar we guşlar üçin niýetlenen utgaşdyrylan iýmleriň üç görnüşini öndürmäge niýetlenen kärhananyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň senagat binýadyny pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylan “Logolo” atly utgaşdyrylan iýmleriň öndürilişi ýola goýuldy. Bu kärhana ýeňillikli döwlet karzlaryň hasabyna hususy kärhana tarapyndan guruldy.
Türkmenistanda soňky alty ýylyň dowamynda towuk etiniň öndürilýän möçberi 5 esse (1267 tonnadan 6359 tonna çenli), ýumurtganyň öndürilýän möçberi 10 esse köpeldi. Bu ulgamdaky uly üstünlikler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde gazanyldy. Şol syýasatyň çäklerinde iri maýa goýumlary obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň önümçilik düzümini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmaga, kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, azyk pudagynda işleýän döwlet we hususy kärhanalary goldamagyň we maliýe taýdan höweslendirmegiň netijeli gurallaryny ornaşdyrmaga gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň mart aýynda gol çeken “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, mülkdarlar, kärendeçiler we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary ygtyýarly banklardan ýeňillikli karzlary alyp bilýärler. Bu karzlar maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek, esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalary we beýleki enjamlary satyn almak üçin 1 göterim bilen berilýär.
2011—2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynda hem-de 2013- 2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynda hususy işewürlik üçin köpsanly ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekendigini bellemelidiris. Şu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak maksady bilen 300 million manat möçberdäki serişdeleri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna göterimsiz 10 ýyl möhlet bilen karz bermek tabşyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Rysgal” banky arkaly maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýylda 1 göterimden ýokary bolmadyk şertde karz almaga mümkinçilik aldy.
Şeýlelikde, şu gün Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky döwrebap guşçulyk toplumyň işine badalga berilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümçiliginiň netijelliligini ýokarlandyrmak, obasenagat toplumynyň, şol sanda guşçulyk ýaly ykdysady taýdan bähbitli pudagyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky ädim bolar.