Ï Bol önüm we hil
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol önüm we hil

view-icon 800
Daşoguzyň çörek zawodynyň önümleriniň görnüşleriniň üsti ýetirildi. Ýokary hilli undan “Nurana”, “Şabat” atly tamdyr çörekleriniň, şeýle hem “Was”atly süýji bulkanyň we myssyjak külçäniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu çörek önümleriniň tapgyrlary zawodyň firma dükany we ýerli söwda nokatlary arkaly halka ýetirilýär

Bu günki gün sebitiň bu baýry azyk senagaty kärhanasynyň çörek önümleriniň sanawy ötuza golaý bardyr. Ýokary hilli undan bişirilýän galypda taýýarlanýan çörekler, ýakymly ysly “Ahal”, “Melhem”, “Şanly”, “Ruhubelent” tamdyr çörekleri,“Barmak” çöregi, şeýle hem “Bereketli”, “Aşgabat” atly ýokumly batonlar, “Altyn däne”, “Guşak”güberçek bulkalary alyjylar tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýar. “Diýar” atly süýji piroglar, süýji kökeler – priýanikler, içine zat salyp taýýarlanan ruletkalar hem tekjelerde uzak ýatmaýar.

Kärhanada şu ýylyň geçen sekiz aýynda 2287 tonna çörek önümleri öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bir ýüz togsan tonna köpdür.