Şu gün ir bilen güýz gülleri we baýdaklar bilen baýramçylyk lybasynda bezelen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtda gurlan “Seýil” tirkeg gämisi geldi. Ol birnäçe gün mundan öň Türkiýäniň gämi gurluşyk werfinden ýola düşdi.
Mälim bolşy ýaly, täze tirkeg hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkiýäniň gämi gurluşyk kompaniýasy bilen baglaşan şertnama esasynda guruldy. Köp ugurly tirkeg döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan 2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilini hem-de Türkmenistanyň Deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde satyn alyndy.
Bu babatda sebitiň iri üstaşyr geçiriş halkasy hökmünde häzirki wagtda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň ähmiýetli ornuny aýratyn belläp geçmek gerek. Onuň geçiriş kuwwatyny çalt artdyrmak üçin menzili mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak, dürli derejede ýöriteleşdirilen täze terminallary gurmak bellenilýär. Şunda olaryň tehniki we tehnologiki taýdan üpjünliginiň ýokary derejesi Hazaryň ekologiýa taýdan abadançylygynyň kepili bolar.
Milli deňiz fortumyza goşulan täze döwrebap gämini garşylamak mynasybetli dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Uzynlygy 30,1 metr we ini 11,2 metr bolan täze tirkeg gämisi duralgadan durýan ýerlerine reýde dessine ugratmak üçin niýetlenendir, bu bolsa ýük ýükleýiş-düşüriş işlerine sarp edilýän wagty ep-esli azaldarr. Mundan başga hem tirkeg iň häzirki zaman kömekçi enjamlar, şol sanda ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilendir, munuň özi deňiz kenar zolagynda we menzilde gämileriň hereket etmeginiň ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrar.
Onuň taslamasy düzülen mahaly hemme ýörite talaplar nazara alyndy. Bu tirkegiň tehniki-ykdysady görkezijileri kämilleşdirildi: dolandyryş serişdeleri awtomatlaşdyryldy, gämini ulanmagyň ähli düzgünlerinde işgärleriň howpsuz zähmet şertleri göz öňünde tutuldy. Bularyň hemmesi şu kysymdaky gämilere aýratyn ekologiýa sebitlerinde işlemäge mümkinçilik berýär, munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamy üçin aýratyn möhümdir, şol ulgamy goramaga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär.
Nobatdaky döwrebap tirkegiň gelmegi döwlet Baştutanymyz tarapyndan ösen ulag düzümlerini we milli flotumyzy çalt kemala getirmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri sazlaşykly hem-de üstünlikli çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.
Gutlag signallary gäminiň gelendigini habar berdi. Asylly däbe görä, gäminiň işgärlerini hormatly ýaşulular duz-çörek bilen garşyladylar, olar tirkegiň mähriban şäherimize sag-aman gelmeginiň hatyrasyna doga-dileg etdiler.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny depginli ösdürmekde ulag ulgamynyň artýan ornuny nygtap geçdiler hem-de ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy—enjamlaýyn kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hemmataraplaýyn alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler.