Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Daşoguz welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy demirgazyk sebitiniň ykdysady durmuşyna täze itergi berdi. Şu ýyl ulanmaga berlen iri kärhanalaryň arasynda – Köneürgenç etrabyndaky täze pagta egriji fabrik bar. Bu iň häzirki zaman dokma önümçiligi her ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýmüni gaýtadan işlemäge we 6 müň tonna ýokary hilli nah ýüplügini öndürmäge niýetlenedir.
Şu ýyl ulanmaga berlen Köneürgençdäki tohumluk pagta çigidini gaýatadan işleýän kärhanasynda, bu ýerde geljekki hasyl üçin 15 müň tonna saýlama tohum taýýarlanar, we Görogly etrabynyň täze pagta arassalaýjy kärhanasynda işler iň täze tehnologiýalara esaslanandyr. Ýene-de Akdepe etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem öňde baryjy enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik shini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Daşoguzda ýakynda ulanmaga berlen önümçilikleriň hatarynda – zyýansyzlandyrylan sargy önümelrini öndürýän kärhana hem bardyr. Bu ýerde ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň belli komoaniýalrynyň ýokary tehnologiýa enjamlary oturdylandyr. Häzirki zaman lukmançylyk önümçiliginiň kuwwatlylygy ýylda 13 million gap taýýar önümleri öndürmäge niýetlenendir. Lukmançylyk kärhanasy bilen bir wagtyň özünde welaýat kitaphanasy, ýedi gatdan ybarat bolan “Daşoguz” myhmanhanasy, şeýle hem döwrebap köp ugurly 600 dükan we müňden hem gowrak söwda nokatlary ýerleşýän bazaryň açylyş dabaralary bolup geçdi.
Soňky arhitektura nusgalaryny taýýarlanlaryň ýurduň inženerleridigi we gurluşykçylarydygy bellärliklidir. Daşoguzyň köp ugurly söwda bazary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Çyzgy” hojalyk jemjemgyýeti tarapyndan guruldy, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň ajaýyp binasyny bolsa - “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.
Hususy kärhanalaryň birnäçesi tarapyndan sebitiň dürli künjeklerinde ipoteka karz pul serişdeleri boýunça durmuş, medeni ähmiýetli desgalar, hususy ýaşaýyş jaýlary guruldy we gurulýar. Üstünlikli işleýän telekeçiler ýokary hil derejesinde ilata hyzmatlaryň dürli görnüşlerini edýär. Meselem, öz hususy söwda nokatlary arkaly häzirki zaman çlňülerine laýyk gelýän sertifisirlenen harytlary ýerleşdirýär.
Daşogguzda elektrikenergetika ulgamynda dünýäde öňdebaryjy bolan Fransiýanyň Schneider Electric kompaniýasynyň wekilhanasynyň bolmagy öndümli halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. Edara jaýynyň açylmagy bilen bilelikde «Şnaýder Elektrigiň» zawodlarynda we kärhanalarynda taýýarlanan sertifisirlenen elektrotehniki önümlerini ýerleşdirmek boýunça hususy söwda nokady açyldy.
Demirgazyk sebiti şalynyň ýokary hilli iň gowy görnüşlerini öndürmek boýunça meşhurdyr. Geljekde bu ýerde şaly klasteri dörediler. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda şalyny gaýtadan işleýän toplumyň gurulmagy onuň başlangyjy bolar. Onuň düzümine 30 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen ýörüteleşdirilen elewator we şaly zawody girer.
Daşoguz welaýaty ýurduň maldarçylygyny ösdürmekde hem uly orun eýeleýär. Welaýatyň çäklerinde ýurduň gara mallarynyň ýarysyna golaýy saklanylýar. S.A.Nyýazow etrabynda gurulan täze toplum sebitde maldarçylygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine täze itergi berdi. Bu toplum tohum mallaryň 500 saklamaga we ýylda 200 tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
Welaýatyň durmuş ulgamynda mese-mälim duýulýän guwandyryjy özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda iri taslamalaryň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlulýän täze keşpdäki obany görkezmek bolar. Täze obanyň desgalary döwlet gurluşyk guramalary we ýurduň hususy kärhanalary tarapyndan gurulýar. Olar ipoteka karz pul serişdeleriniň hasyna gurulýan hususy ýaşaýyş jaýlaryndan, toý-dabaralar merkezinden, bazary öz içine alýan söwda merkezinden, Saglyk öýünden, bedenterbiýe-sagaldyş toplumyndan, 200 orunlyk Medeniýet öýünden, geňeşligiň binasyndan, çagalar bagyndan, umumy bilim berýän orta mekdepden we beýlekilerden ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde hem ilatly nokadyň ulag-kommunikasion, inženerçilik-tehniki gurluşy emele gelýär. Ýene-de bir iri göwrümli taslamalaryň biri - Köneürgenç etrabynda täüe şäherçäniň gurluşygydyr.
Durmuş infrastrukturasynyň beýleki desgalarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Şeýleleikde, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ajaýyp künjeginde 300 adama niýetlenen çagalar sagaladyş merkezi gurulýar. Ulanmaga berlen saglygy goraýyş ulgamyndaky desgalardan täze görnüşdäki “Daşogyz” şypahanasyny, Daşoguzdaky gaýaragoýulmasyz tiz kömek merkezini görkezmek bolar.
Täze okuw ýylynyň başynda welaýatyň dürli künjeklerinde umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň 13 öz gapylaryny giňden açdy. Häzirki wagtda demirgazyk sebtiň dürli künjeklerinde sport mekdepleriniň 28-si işleýär.