Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 7-nji iýulynda gol çeken Karary esasynda, häzirki günde eýýäm oba hojalyk tehnikalarynyň 1163-si oba hojalyk önümlerini öndürijilerine berildi. Resminama laýyklykda, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda duran, ulanyş möhleti geçen we hasapdan öçürmäge degişli bolan oba hojalyk tehnikalary we gurallary öz hasabyna dikeldip işletmäge isleg bildirýän oba hojalyk ulgamynyň wekillerine berilýär.
Şol sanda, Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürilere tehnikalaryň 663 sanysy, Maryda – 162, Ahalda - 143, Lebapda – 118, balkanda – 77 sanysy berildi. Berilen tehnikalaryň köp bölegini Belarusda öndürilen MTZ-80 we MTZ-80N düzýär. Bu sana Amerikada öndürilen “Keýs” we “Jon Dir” kombaýnlary hem girdi.
Umuman, tehnikalary muzdsuz bermäge 3687 sanysy – traktorlar we kombaýnlar, şeýle hem tirkeg gurallary bolan azallar, ekiji agregatlar, kultiwatorlar, planlaşdyryjylar we beýlekiler taýýar edildi. Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda, tehnikalar we gurallar kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara we köp ýyl iş tejribesi bolan mehanizatorlara muzdsuz berilmeli edildi.
Tehnikalary bermek boýunça işler oba hojalyk edaralarynyň - ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň wekillerinden ybarat bolan ýörüte toparyň üstüne ýüklendi. Tehnikalar we gurallar daýhalara kalendar ýylyň dowamynda hökman dikeltmek şerti bilen berilýär.
Oba hojalyk işgärleri alan tehnikalaryny öz serişdeleriniň hasybyna, şeýle hem Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda ýeňillikli karz pul serişdeleriň hasabyna dikeldip bilerler. Karz pul serişdelerini Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky üpjün edýär, onuň düzgüni ýurduň Merkezi banky tarapyndan tassyklandy.
Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny dikeltmek üçin äriýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyla çenli karzlar berilýär. Tehnikany dikeltmäge gerek bolan jemi puluň 85% karz pul serişdeleriniň hasabyna, galan 15% oba hojalyk önümlerini öndürijiler öz hususy serişdeleriniň hasabyna töleýärler.
Ýurduň etraplarynda we welaýatlarynda Türkmenistanyň Söwda ministrligi, “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşigi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan ätiýaçlyk şaýlary ýörüteleşdirilen dükanlary işleýär.
Oba hojalyk tehnikalaryny muzdsuz bermek we ýeňillikli karz pul serişdelerini bermek çäresi oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin uly goldaw boldy.