Damar-damar bolup duran nebit koksunuň nämedigini we onuň senagatyň haýsy ulgamy üçin niýetlendigini köpüniz bilýän hen däldiris. Ýöne nebit önümleriniň dünýä bazarynda onuň satuwy örän ýokary girdejili bolup, ol ykdysady taýdan ösen döwletleriň stategiki pudaklarynyň köpüsinde ulanylýar. «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň (ABŞ) Türkmenistandaky şahamçasynyň direktorynyň orunbasary, tehniki ylymlarynyň doktory Allberdi Ylýasow bu barada şeýle gürrüň berýär:
- Damar-damar bolup duran koksuň düzüminde demir we kükürt örän az bolup, ol ýokary gurluşly uglerod önümidir. Nebiti gaýtadan işlenilip alynýan bu örän gymmat bahaly önüm grafitirlenen elektrodlary taýýarlamak üçin ulanylýar. Grafit – ol atom, metallurgiýa, himiýa, kosmiki pudaklarda işjeň ulanylýar. Oňa bolan isleg Türkmenistanda önümiň bu görnüşini öndümekligi guramak üçin oňaýly şertleri döredýär.
TNGIZT nebit koksunyň iki görnüşi öndürulýär. Ýöne gymmat bahaly summar koksy bilen deňeşdirilende damar-damar bolup duran koks dünýä bazarynda 5-7 esse gymmatdyr, onuň bahasy bir tonna üçin ABŞ-nyň 2 müň dollaryna ýetýär. Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, damar-damar bolup duran koksa bolan isleg golaý 3-4 ýylda iki esse artar.
Gerek bolan ýokary hilli çig mal serişdelriniň bolmagy we kokslamak üçin degişli kuwwtlyklaryň bolmagy damar-damar bolup duran koksuň senagat önümçiligini guramak üçin esasy şert bolup durýar. Az kükürtli koks damamar-damar koksy almak üçin esasy ýaramly çig molup durýar. Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň NGIZT GDA-nyň çäklerinde gudrondan az kükürtli koksy öndürýän ýeke-täk kärhana bolup durýar.
2003-nji ýylda «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy (ABŞ) Ufa şäheriniň UGHTU (Russiýa) bilen bilelikde Türkmenbaşynyň NGIZT pilot şertlerinde ulanylýan çig maly synagdan geçirdiler. Bu bolsa biziň kompaniýamyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanan tehnologiýalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli damar-damar koksy almaga mümkinçilik berýändigini tassyklady.
Nebit damar-damar koksunyň önümçiligi çylşyrymly bolup, ol her bir kärhana üçin çig maly gaýtadan işlemegiň oňat hilli usullaryny işläp taýýarlamagy we önümçilik işini talap edýär. Munuň üçin bolsa epesli wagt we maddy çykdajylary talap edýär. Ýöne Türkmenbaşynyň NGIZT tehnologiki mümkinçilikleri bu ýerde ýokary hilli damar-damar koksuň önümçiligini ýola goýmaga esas döredýär.