Paýtagtyň Köşi köçesiniň gündogar tarapynda gurluşygyna şu ýylyň başynda badalga berlen ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Gurluşygyň häzirki tapgyrynda täze etrapçaň çäklerinde eýýäm jaýlaryň 23-niň binalary galdyryldy. Olaryň 13-si bolsa eýýäm mermer bilen örtülýär, 10-nda diwarlary örmek, bölekleýin we santehniki işleri alnyp barylýar.
Häzirki günde ýaşaýyş jaýlarynyň 33-si gurulýar, 10-nyň düýbi tutulýar. Golaý wagtda desgalaryň dördüsinde gurluşyk işleri başlanar. Bu jaýlaryň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerlerde tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu günki gün täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde orta okuw mekdebiniň boýy galdyryldy. Çagalar baglarynyň ikisiniň gurluşygy üçin düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar. Bu ýaşaýyş jaý toplumynda çagalar baglarynyň ýene-de ikisi ulanmaga berildi. Olaryň biri Bilimler gününe, ikinjisi mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň binasy şu aýyň başynda ulanmaga berildi.
Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumynda umumy ýaşaýyş we jemgyýetçilik maksatlary üçin desgalaryň 42-si gurular. Olaryň hatarynda 37 sany 4 gatly 1-4 otagly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we jemgyýetçilik maksatly desgalary görkezmek bolar. Birnäçe ýaşaýyş jalraynyň birinji gatlarynda senagat we azyk harytlary satylýan dükanlar ýerleşer. Şuny nazara almak bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde 30 ýa-da 40 ýokary amatlyklary bolan öýler ýerleşer. Şeýle hem meýilnama boýunça ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde her biri 160 orunlyk bolan çagalar bagynyň 4-si we 600 orunlyk mekdep gurular.
Ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň abadanlaşdyrylmagy barada aýdylanda bolsa, onda bu ýerde ulag goýulýan ýer, çagalar oýun we sport meýdançalary, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdançalar bolar. Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde seýilgäh zolagyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Gurluşygyň meýilnamasy gurluşygyň çäklerinde geologiki we geodeziki gözlegleri geçiren şäher häkimliginiň “Aşgabattaslama” taslama institutynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Gurluşyk işleri ýurduň we türk hususy komnpaniýalarynyň 11-si tarapyndan alnyp barylýar. Şäheriň düýpli gurluşyk müdirligi taslamanyň buýuryjysy bolup çykyş edýär.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy şäheriň bu böleginde ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli gurluşyk işleriniň çäklerinde üçünji tapgyr bolup durýar. Taslamanyň bu bölegini indiki ýylyň dekabr aýynda tamamalamak göz öňünde tutulýar. Geçirilýän işleriň netijesinde şäher etrabynyň täze keşbi emele geldi. Bu ýerde täze ýere göçüp baran köp sanly ýaşaýjylaryň oňaýly durmuş üpjünçiligi üçin zerur bolan ýokary derjedäki şertleriň ählisi döredilendir.