Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 895
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük, pagta süýümi, şol sanda agardylan, şeýle hem çig ýagly kislotalar, süýümli ulýuk ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Şweýsariýa, Singapur, Lihtenşteýn we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 788 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen işewürler umumy bahasy 2 million 830 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, saryja goýnunyň ýüňüni, şeýle hem ýuwujy serişdeleri satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 444 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, polimer düwürlerini (TNGIZT), süýümli ulýugy we pagta lintini satyn aldylar.