Türkmen paýtagty ýylsaýyn gözel keşbe girýär, Aşgabadyň keşbi çalt depginler bilen özgerýär, şäheriň gurluşy her ýyl täze arhitektura gurluşlary bilen ösýär. Olaryň gurluşy boýunça biri-birini gaýtalamaýan we owadanlygy bilen şäher gurluşygy babatda halkara bilermenleriniň ünsüni çekýär. Şäheriň birnäçe ajaýyp binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Şeýle hem öz reýtinglerinde we bäsleşiklerinde Aşgabadyň täze gurluşyklaryny belleýän gurluşykçylaryň we arhitektorlaryň ýörüteleşdirilen guramalary hem bardyr. Meselem, Angliýanyň abraýly «The International Property Awards» guramasy tarapyndan 2012-nji ýylda “Älem” medeni dynç-alyş merkeziniň taslamasy bellenildi. Geçen ýylyň jemleri boýunça bolsa, «Rönesans Türkmen» (Тürkiýe) kompaniýasynyň türkmen paýtagtynda guran ýene-de bir köp gatly binasy senagat we adminstratiw desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanýan hökmünde bu guramanyň ýörüte toparynyň ünsüni özüne çekdi.,
Netijede Arçabil şaýolunyň ugrunda gurulan Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň binasy «The International Property Awards» britan bilermenleri topary tarapyndan jemgyýetçilik binalary derejesinde iki ugur boýunça: eksterýer we interýer boýunça bellenildi. Halkara guramasynyň bu abraýly bahasy bu desganyň taslamasyny düzen we guran kompaniýanyň hususy nyşanlary derejesinde ulanmaga şert döredýär. Şeýlelik bilen, bu sertifikat «Rönesans Türkmen» kompaniýasynyň işiniň özboluşly nyşany bolup durýar.
Türkmenisranyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 14 gatly binasy bu kompaniýa tarapyndan Türkmenistanda gurulan desgalaryň arasynda iň ajaýybynyň biridir. Bu bina dürli derejedäki bloklary birleşdirilen hem-de reňk şöhleleleri boýunça tapawutlanýan ýaly görünýär, olaryň diwarynyň daş ýüzi bolsa serpikdirýän aýnadan gurlandyr, ýöne bu bina bir bütewi gurulan binadyr. Binanyň gurluşygynda we jaýlarynyň içki gurluşyk işlerinde häzirki zaman ekologiki taýdan arassa we energo tygşytlaýjy gurluşyk önümleri ulanylandyr. Binanyň ýerleşişi gündüzine elmydama günüň şöhlesi düşüp durar ýaly ýagdaý taslamasy düzülendir hem-de ol goşmaça emeli ýagtylandyryşy talap etmeýär. Bu taslamaçylaryň we gurluşykçylaryň binanyň gurluşygynda amala aşyrylan täzeliginiň we ajaýyp ideýalarynyň diňe uly bolmadyk bir bölejigidir.
«Rönesans» - uzak möhletleýin şäher gurluşyk döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň öňden bäri hyzmatdaşy bolup gelýär. Bu kompaniýa Türkmenistanda Baş edarasynyň şahamçasy hökmünde 2009-njy ýylda hasaba alyndy. Geçen bäş ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz boýunça onuň hünärmenleri tarapyndan dürli gurluşyk taslamamalrynyň 13-si ýerine ýetirildi we ýerine ýetirilýär. Olardan Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Bu desga çäklerinde ýörüte bäsleşik geçirilen GDA ýurtlarynyň Arhitektorlar birleşiginiň Halkara assosasiýasynyň Utgaşdyryjy ХХ ýubileý geňeşinde 2012-nji ýylyň iň gowy gurluşygy diýen ada eýe boldy. Kompaniýanyň ilkinji guran desgasy bolsa Aşgabatdaky «Çagalar dünýäsi» söwda merkezi bolup durýar.
Ýakynda Mary şäherinde «Rönesans Türkmen» tarapyndan gurulan karbamid we ammiak öndürýän kärhana ulanmaga berildi. Bu iri senagat taslamasy «Туркменхимия» DK buýurmasy esasynda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. Bu toplum tebigy gaz bilen işlär hem-de her ýylda 400 müň tonna ammiagy we 640 müň tonna karbamidi öndürmäge niýetlenendir.
Häzirki wagtda kompanyýanyň hünärmenleri birnäçe desgalaryň taslamasyny düzmek we gurluşygy bilen meşgullanýaralar. Olaryň biri bolsa Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümdir. Bu bölüm ýylda 500 nüň tonna kükürt kislotasynyň monogidratyny öndürer.
Ahal welaýatynda ýene-de bir tegy gazy gaýtadan işläp, benzin alýan rii maýa goýum taslamasyny amala aşyrmaga girişildi. Bu barada degişli ylalaşyga «Тürkmengaz» Döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) kompaniýalar konsorsiumy we «Rönesans Türkmen» (Türkiýe) kompaniýasynyň arasynda 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekildi. Ynha indi 2 aý mundan ozal – 26-njy awgustda Owadandepede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu maýa goýum önümçilik toplumynyň dübüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu kärhana ýylda 1,782 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 600 müň tonna benzin öndürmäge niýetlenendir.
Umuman bu kompaniýa ýurdumyzda gurluşyk konstruksiýalaryny, elektrotehniki we inženerçilik ulgamlaryny, dürli gurluşly desgalaryň taslamamlaryny düzmek bilen meşgullanýar we öz güýçleri hem-de 70 göterimi türkmen hünärmenlerinden ybarat bolan işgärleriň güýji bilen binalary gurp ulanmaga berýär. Türkmen hünärmenleri – bu ýokary hünärli işçilerdir we inženerlerdir, dolandyryjylar we menejerlerdir hem-de dizaýnerlerdir. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynyň we şäherleriniň çäklerini gowlandyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde «Rönesans Türkmen» kompaniýasy eýýäm suw çüwdürümli we heýkelli, alleýaly we owadan gök bagly landşaft-seýilgäh çäkleri döretmek we abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşýar