Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň arasyndaky Oguzhan şaýoly böleginde paýtagty gurmagyň nobatdaky 13-nji tapgyryny amala aşyrmak dowam edýär. Bu iri göwrümli taslama geçen ýylyň awgust aýynda badalga berildi. Gurluşygyň häzirki tapgyrynda taslamada göz öňünde tutulan desgalaryň 29-synyň ählisiniň hem boýlary galdyryldy. Gurnama, santehniki, timarlaýyş işleri, diwarlary örmek, binalary mermere beslemek işleri alnyp barylýar.
Gurluşygyň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň baş meýilnamasy “Türkmendöwlettaslama” Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň onlarçasy – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary taslamany amala aşyrmagyň üstünde işleýärler. Olar eýýäm her bir desga üçin taslamalary aýratynlykda işläp düzmegi amala aşyrdylar. Desgalary ulanyşa tabşyrmak şerti bilen işleri doly tamamalamak 2016-njy ýylyň fewral aýynda göz öňünde tutlýar.
Umuman, gurluşygyň çäklerinde 12 gatly 44-46 öýli, birinji gatynda dükanlary, ýerzemininde bolsa ulag goýuýan ýerli ýokary amatlykklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň on birisi gurulýar.
Gurluşygyň çäklerinde dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň 18-si ýerleşýär. Olaryň hatarynda Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň, ätiýaçlandyryş edarasynyň, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň, hukuk goraýjy edaralarynyň etrap bölümleriniň, şeýle hem beýleki edaralaryň we guramalaryň binalaryny görkezmek bolar.
Jemgyýetçilik desgalarynyň hatarynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisini, her biri 600 orunlyk bolan umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň ikisini, Saglyk öýüni, söwda-dynç alyş merkezini, Durmuş öýüni görkezmek bolar. Ulag serişdeleriniň eýelerine oňaýly bolar ýaly uzak bolmadyk ýerde her biri 200 orunlyk üsti ýapyk ulag goýulýan ýerleriň ikisi gurulýar.
Bu ýerde ýaşajaklar üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem taslamany düzüjiler desgalaryň ählisiniň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamany amala aşyrmaga taýýardyrlar. Onuň çäklerinde oýun we sport meýdançalary, medei-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin ýerler, güldür-bag ekilýän ýerler, dynç almak üçin otuguçlar, köçeleri yşyklandyryjy çyralar oturdylar.
Ugrunda gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylan bu şaýoly täze keşbe eýe bolar. Uzynlygy iki ýarym kilometrden hem gowrak bolan ulag ýoly dogrulandy hem-de giňeldildi. Ýolda ulag hereketi üçin sekiz zolak (her tarapa dört), şeýle hem goşmaça geçelgeler bolar.
Bu ýoluň ugrunda hopwa-barlag ulgamy we telewizion panel bilen üpjün edilen häzirki zaman awtobus duralgalary oturdylar. Pyýadalar üçin niýetlenen howpsuz we giň geçelgeler gurular. Hususanda, ýerasty geçelgeleriniň dördüsi göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde demir beton işleri doly tamamlandy diýen ýaly, eýýäm timarlaýyş işlerine başlamdy. Ýoluň düşegine çagyl düşelýär.
Arçabil şaýolundan we Oguzhan köçesini kesip geçýän köçelrden gözbaş alyp gaýdýan beýleki iki köçäniň hem durky düýpli täzelener. Çurluşygyň çäklerinden geçýän olaryň böleklerinde (her biri 430 metr) hem çagyl düşemek işleri alnyp barylýar.