Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 862
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit koksyny, göni arassalaýyşdan geçen benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçen benzini we M-100 belgili mazudy Beýik Britaniýadan we Germaniýadan gelen täjirler satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna nah ýüplügi, pagta-süýümi, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Malta we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million 846 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 614 müň manatlykdan gowrak bolan ýük awtoulagyny, şeýle hem arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügini, ýüňi (saryja goýun, geçi, düýe), nah matanyň galyndylaryny, pagta şrotuny satyn aldylar.