Ï Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň taryhyndaky täze tapgyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň taryhyndaky täze tapgyr

view-icon 1417
Şu gün – 1-nji noýabrda milli walýutanyň – manadyň dolanyşyga girizilen gününe 21 ýyl dolýar. Manat şu döwürde döwletlerimiziň ygtybarly we berk nyşanyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň alamatyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda çykyş edende şeýle diýdi:

“Biz “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty alyp barýarys. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýän, mähriban halkymyhyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär!”.

Milli walýuta bazar ykdysadyýetimiziň wajyp böleginiň biri bolup, ýurduň netijeli ösüşiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň guralynyň möhüm usuly bolup hyzmat edýär. Biziň günlerimizde milli walýuta hökmünde manadyň hümmetiniň durnuklylygy Türkmenistanyň ýokary derejede ösüşi arkaly üpjün edildi. Şol durnuklylyk manadyň satyn alyjylyk ukybynyň we daşary ýurt walýutalarynyň satyn alyjylyk ukybynyň arasyndaky gatnaşygy düzgünleşdirmek arkaly üýtgewsiz diýen ýaly ýagdaýda saklanýandygyny, ýagny walýutanyň hümmetiniň durnukly ýagdaýdadygyny görkezýän netijedir.

2008-nji ýylda manadyň hümmetiniň daşary ýurt walýutalaryna görä belli bir derejede saklanmagyna geçilmegi hem-de onuň durnuklylygynyň gazanylmagy milli walýutamyzyň satyn alyjylyk ukybyna we ilatyň girdejileriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy" atly ylmy işinde manadyň hümmetiniň düzgünleşdirilmeginiň eksporty ugur edinýän pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berip, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşarky, şeýle hem içerki bazarda nyrh taýdan bäsdeşlige ukyplylygynyň kabul ederlikli we ýurdumyzyň daşary ykdysady işinde disbalanslary aradan aýyrýan derejede saklanmagyny üpjün etmek arkaly, ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş depginleriniň gazanylmagyna badalga berendigini aýtdy. Bu çäreler beýleki özgertmeler bilen sazlaşykly görnüşde, içerki bazaryň haryt bilen doldurylmagyna ýardam etdi. Munuň özi bolsa importa degişli harytlaryň nyrh taýdan durnukly bolmagyny üpjün etdi.

Şeýlelikde, öz wagtynda başlanan özgertmeler milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan pul-karz we maliýe syýasatyny kadalaşdyrdy, munuň özi içerki bazaryň ösüşine, sagdyn bäsdeşligiň kemala getirilmegine, ýurdumyzyň eksport babatdaky kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Ahyrky netijede bu ýagdaý Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýşynyň hilinne oňyn täsirini ýetirdi.

Häzirki wagtda milli walýutamyz – manat döwrebap, ýagny elektron görnüşde-de işjeň ýagdaýda ulanylýar hem-de Türkmenistanda pul dolanyşygyny ösdürmekde täze tapgyra badalga berýär.

Maliýe we pul-karz syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" görkezilen özgertmeleriň möhüm bölegidir. Häzirki bazar gatnaşyklarynda bular hojalygy ýöretmegiň we ykdysady ösüşiň netijeli şertlerini emele getirýän gurallardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, strategiki meýilleşdirmegiň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, milli manadyň ornuny berkitmek ýurdumyzy uzakmöhletleýin geljekde yzygiderli ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar.

Pul dolanyşygynyň durnuklylygy hem-de yzygiderli ykdysady ösüşi gazanmak, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, bank ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we onuň halkara maliýe bazarlaryna goşulyşmagyny gazanmak Türkmenistanyň pul-karz syýasatynda ileri tutulýan strategiki ugurlardyr.

Bulary gazanmak üçin puluň hümmetsizlenmegini pes derejede saklamak, maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, pul dolanyşygynyň gurluşyny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy, munuň özi elektron tölegler ulgamyny ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň hasabyna gazanylar.

Türkmenistanda MasterCard halkara töleg ulgamyny ösdürmäge taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak arkaly, ýurdumyzyň raýatlaryna kartlaryň birnäçe görnüşleri: “Visa Electron”, “Visa Classic”, “Visa Gold” we “Visa Business” boýunça hyzmatlary hödürleýär.

Köpsanly adamlar elektron “gapjyklaryň” we nagt däl hasaplaşyklaryň artykmaçlyklaryna göz ýetirdiler. Daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryny we olaryň ata-enelerini muňa mysal görkezmek bolar. Çünki kartlary ulanyjylara amatly bolar ýaly, elektron görnüşdäki maliýe hyzmatlary geçirilýän pullaryň gymmatynyň peseldilmegini we ygtybarlylygyny üpjün edýär. Elektron pullar Internetde-de giňden ulanylýar. Şolaryň kömegi arkaly, ulgamda satyn alyp, elektron kitaplar we žurnallar, okuw gollanmalary üçin tölegleri geçirip bolýar, petekler we beýlekiler sargalýar.

Halkara plastiki kartlar daşary ýurtlara iş saparyna gidýänler hem-de başga ýurtlara dynç almaga ugraýanlar üçin hem örän amatlydyr. VISA Internationalyň kömegi arkaly, myhmanhanada öňünden otagy sargyt etmek, tutuş dünýäde dükanlarda we söwda merkezlerinde zat satyn almak, bankomatlardan nagt pul almak, Internet boýunça harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak bolýar.

Galyberse-de, munuň özi pul serişdelerini saklamak we toplamak üçin örän oňaýly serişdedir. Kartdaky hasaba zähmet hakynyň we beýleki pul serişdelerini ýazdyrmak bolar. Mundan başga-da, serhetden geçilende kartdaky pullary görkezmek hökman däl. Şeýle hem oňa haýsy walýutada geçirilendigine garamazdan, hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri şol ýurtdaky walýutada tölemek bolar. Puly çalyşmak töleg ulgamynyň ýeňillikli hümmeti boýunça geçirilýär.

Visa karty – Ýewropada, Amerikada, dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ulanylýan köpugurly bütindünýä walýutasy hasaplanýar. Galyberse-de, iri ulag we söwda kompaniýalarynyň aglabasy, restoranlar we dükanlar Visa kartlaryny ulanyjylar üçin arzanlatmak görnüşinde goşmaça ýeňillikleri teklip edýärler. Kart ýitirilen wagtynla onuň ulanylmagynyň öňüni alyp, täze karty edinmek bolar, şunda hasapdaky pullar bank tarapyndan goralyp saklanýar. Islendik VISA karty diňe kimiň adyna çykarylan bolsa, şol adam tarapyndan ulanylyp bilner. Şunda gerekli möçberi saýlap, bu serişdeleri sanamagyň we gaýtadan hasaplamagyň zerurlygy ýok – bu wezipeler töleg ulgamynyň algoritmleri tarapyndan berjaý edilýär. Käbir halatda nagt pul serişdeleriniň haýsy zatlara sarp edilendigini ýatda saklamak kyn düşýär, şeýle töleglerden tapawutlylykda, kart arkaly harajatlary barlamak bolýar, şunda haýsy günde, haýsy dükanda näçe puluň harçlanandygyny görkezýän ýazgyny almak bolýar. Bankomatlaryň we “SMS -- maglumat almak” , “E –mail – maglumat almak” ýaly hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanmak arkaly balansy barlamak örän aňsat düşýär.

Şeýlelikde, halkara plastiki kartlarynyň ulanylmagynyň artykmaçlyklary aýdyň görünýär. Köp möçberdäki puluň ýitirilmegine töwekgelçiliklerini azaltmak, alnan zat üçin dessine töleg geçirmek, walýutany gyssagly çalyşmak ýagdaýlary elektron “gapjygyň” ulanylmagynyň artykmaç taraplary hökmünde görkezmek bolar, şunda bulary müşderiniň deregine, bank amala aşyrýar hem-de munuň özi şahsy býujeti barlamagyň aňsat we amatly usulydyr. Galyberse-de, biziň günlerimizde plastiki karty ulanmak abraýly dereje hasaplanýar.

Bilermenler ýakyn ýyllarda elektron serişdeleriniň tölegleri geçirmekde örän uly ösüşe eýe boljakdygyny aýdýarlar. Töleg ulgamy özbaşdak bazara öwrülýär. Ilatyň nagt girdejileriniň artýan mahalynda ýurdumyzda-da elektron pullary has giňden ulanylýar, döwlet bu ýagdaýa badalga berýär, şunda onuň degişli düzümi, maksatnama – tehniki üpjünçiligi döredilýär. Türkmenistanyň Internet arkaly söwda ulgamy ýola goýulýar. Biziň watandaşlarymyzyň köpüsi eýýäm zähmet haklaryny bank kartalary arkaly almaga öwrenişdiler. Bularyň ählisi tölegleri kabul edýän elektron terminallarynyň düýpgöter giňeldilmeginiň, bankara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini görkezýär.

Umuman alanyňda, halkara töleg ulgamynyň kartlaryny, hususan-da, bütin dünýäde belli “Visa” we “MasterCart” kartlarynyň Türkmenistanda ulanylmagy ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlara söwda merkezlerinde hem-de dürli hyzmatlary hödürleýän edaralarda tölegleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmen banklarynyň daşary ýurtlaryň belli kart ulgamlary babatda gyzyklanma bildirmegi tötänden däldir. Şunuň ýaly elektron kartlaryň çykarylmagy dünýädäki bank hyzmatlarynyň ulgamyna goşulyşmaga, bankyň işjeňlik babatdaky abraýyny artdyrmaga, giň bazara çykmaga, müşderileri çekmäge mümkinçilik berýär. Halkara kart ulgamyna goşulmak täze bank tehnologiýalaryny edinmäge, ählumumy möçberde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin örän uly düzümi ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň banklarynyň şu ugurda tejribe toplamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank işini kämilleşdirmek, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna guramaçylykly taýýarlanmak bilen baglylykda kesgitlän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.