Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 781
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna pagta süýümi, nah ýüplük ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Malta we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan gelen işewürler umumy bahasy 12 million 683 müň manatdan gowrak bolan jinsi önümlerini, arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni, pagta künjarasyny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 80 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.