Şu gün Ruhabat etrabynda täze “Balyk tagamlary” restoranynyň (restoran toplumynyň) açylyş dabarasy boldy, ol türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän keşbiniň nobatdaky binagärlik bezegi boldy.
Aşgabat-Gökdepre awtomobil ýolunyň 3-nji kilometrinde ýerleşen täze restoran häzirki zaman bezegini we däp bolan milli bezegiň parçalaryny özüne utgaşdyrýan özboluşly binagärlik keşbinde guruldy. Täze desga jemgyýetçilik ähmiýetli desgalara bildirilýän ähli häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Desga owadan içki bezegi bolan iki binadan, ýagny 800 adamyny kabul etmek üçin niýetlenilen zalyndan we 700 orunlyk restorandan ybaratdyr. Döwrebap binalarda myhmanlaryň göwnejaý dynç almaklary we has oňat bolmaklary üçin ähli şertler döredildi. Bu ýere gelýänleriň her biri restoran aşhanasynyň tagamly naharlaryna mynasyp baha berip bilerler, ol esaslan balyk önümlerine ýöriteleşendir. Myhmanlar üçin balygyň 6 görnüşinden naharlar hödürlener, olar şäheriň we Ahal welaýatynyň hususy balyk hojalyklaryndan bu ýere täze ýagdaýynda getiriler.
Bu ýerde janly balyklar saklanylýan 6 bölümden ybarat uly howuz bar, onda dürli görnüşdäki balyklar, ýagny ak amur, sazan, karp we beýleki balyklar saklanýar. Täze desganyň töweregindäki abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen çäklerinde dynç almak üçin oturylýan ýerler, oturgyçlar, ýaş agaç nahallary, gül ekilen ýerler, şeýle hem tennis korty we 400 orunlyk awtoduralga ýerleşýär.
Bahasy 30 million manat bolan döwrebap restoranyň gurluşygy ýerli hususy kärhanalar, ýagny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyryldy. Täze desganyň umumy meýdany 3 gektara barabardyr. Täze desga etrapda ýüz iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Täze restoranyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ýagny şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, täze desgany guran gurluşykçylar döwletimizde ýöredilýän durmuş syýasatynyň möhüm şerti bolup durýan türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Täze desganyň öňündäki baýramçylyk bezegindäki meýdançada aýdym-sazlar ýaňlandy, baý konsert maksatnamasyny etrabyň estrada we horeografiýa toparlary, ýaş sazandalar taýýarladylar .
Şu gün Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda önümçilik desgalarynyň ikisi – mal semrediş ferma hem-de balyk ösdürmek boýunça kärhana dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy.
Umumy bahasy 30 million manatdan gowrak bolan täze desgalar ýerli hususy kompaniýalaryň hünärmenleri – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edildi. Kärhanalaryň ikisiniň gurluşygy 2,5 ýyl mundan ozal badalga aldy, ine bu gün bolsa täze önümçilik desgalary dabaraly ulanyşa tabşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwletimizde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek boýunça syýasatyň strategik wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýene-de bir mynasyp göreldesine öwrüldi. Täze desgalar möhüm durmuş ähmiýetine eýedir. Çünki olar etrapda 150 täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Mallary bakmak üçin täze ferma umumy meýdany 618 gektar ýerde ýerleşdirildi. Kärhananyň önümçilik bölümleri Türkiýäniň we Eýranyň ýokary tehnologiýaly önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde bir ýylda 500 tonna et öndüriler. Ýurdumyzdad işläp ýören şunuň ýaly maldarçylyk hojalyklary bilen bir hatarda täze kärhananyň açylmagy ýurdumyzda ýokary hilli et önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, döwletimizde azyk bolçulygyny üpjün etmek işinde mynasyp orun tutar.
Şu gün Altyn asyr etrabynda dabaraly açylan beýleki bir desga – balyk ösdürmek boýunça kärhananyň hem şunuň ýaly ähmiýeti bardyr. Esasan täze önümçilik desgasynyň binýadynda bu ýerde döredilen emeli howdanlarda balyklaryň dört görnüşi – dürli reňkli we ak tüňňimaňlaý, zagara balygy, ak amur ösdürip ýetişdiriler. Bu ýerde bir ýylda 30 tonna balyk öndüriler. Bu kärhananyň ulanyşa tabşyrylmagy hem Türkmenistanda haryt bolçulygynyň has-da pugtalanmagyna, ilatyň balyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam berer.
Bular barada täze kärhanalaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar – şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýerli ýaşaýjylar, hormatly ýaşulalar, ýaşlar sözlän sözlerinde aýtdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz aladasy, türkmen halkynyň, ýurduň her bir ýaşaýjysynyň abadançylygy baradaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň azyk senagatynyň ösüş strategiýasy ýerli çig maly doly ulanmak arkaly ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümçiligini yzygiderli giňeltmäge, ilatyň sarp edijiligini doly derejede üpjün etmäge, içerki bazary baýlaşdyrmaga, pudagyň eksport kuwwatyny atdyrmaga, oba senagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.
Şunda hususy ulgam, esasan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary möhüm orun tutýarlar. Olar soňky ýyllarda özleriniň yhlasly işjeňligi bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga we olaryň işlerini döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýarlar. Hususan-da, bu gün türkmen telekeçileri azyk senagatynyň köp ugurly pudaklaryny işjeň giňeldip, onda pugta we barha artýan binýady tutýarlar.
Milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň işini işjeňleşdirmegiň netijesinde täze iş orunlary döredilýär, önüm öndürilişiniň görnüşleri we möçberleri artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bazar gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde telekeçiligiň ösdürilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Ilaty ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde telekeçilik işiniň has-da ösdürilmegi, dürli ähmiýetli döwrebap desgalaryň gurulmagy milli Liderimiziň ykdysadyýetiň hususy ulgamyny giňden goldamak babatda döwlet syýasatynyň ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň oýlanyşykly bolmagynyň netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ýurduň önümçilik kuwwatyny ösdürmekde we bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmakda anyk täsir edýän gurala öwrülýändigini bellemek gerek.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, hususy işi alyp barmagy hasaba almagy we oňa rugsatnama berilmegini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlary bermek we beýlekiler görnüşinde amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň döwlete degişli däl ulgamynyň ýeten häzirki derejesi Watanymyzyň telekeçileriniň uly umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde, şol sanda Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we döwletimiziň dünýä bazarlaryndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde barha has möhüm orun tutjakdygyna ynamly bolmaga mümkinçilik berýär.