Ï “GUDRAT” gämisi deňiz portunyň üstüni ýetirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“GUDRAT” gämisi deňiz portunyň üstüni ýetirdi

view-icon 976
Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan tirkeg gämisi gelip gowuşdy. Tirkeg gämisi bu ýere Türkiýäniň “Tuzul” portundan wolga-don suw ýoly bilen geldi.

Bu eýýäm şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelip gowşan dördünji tirkeg gämisidir. Bu gämi hem, öňküler ýaly, Stambuluň golaýyndaky gämi gurluşyk werfinde gurulandyr. Bu köp ugurly gämi Türkmenbaşy şäherindäki Ýewraziýa sebtindäki iri ulag çeçelgesini golaý geljekde deňiz gawanyna öwürmegi göz öňünde tutýan Türkmenbaşynyň halkara portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň çäklerinde satyn alyndy.

Bu maksatlar üçin bu ýerde ýörüteleşdirilen logistiki merkezli, gämi abatlaýyş-gämi gurluşyk zawodly, ýolagçy terminally we beýleki kenar desgaly iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen täze deňiz portunyň gurluşygyna başlanyldy. Ol portuň bir saparlyk geçirijilyk ukybyny artdyrmaga we dünýäniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän derejelerde müşderilere edilýän hyzmatlary artdyrmaga gönükdirilendir.


Täze gämini dabaraly garşylamaga şäher ýolbaşçylygynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet deňiz we ferýa ulaglary gullugynyň we onuň tabynlygyndaky gurluşlaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, şäheriň ýaşulylary we ýaşlary gatnaşdylar.

Täze tirkeg gämisi şu ýylyň awgust aýynda gelen “ÄLEM” we “JAHAN” we oktýabr aýynda gelen “SEÝIL” tirkeg gämilerini göwrümine barabardir. “GUDRAT” tirkeg gämisiniň uzynlygy 30 metrden gowrak, ini 12 metr töweregi, suwa çümýän ýeri bolsa 3,5 metre çenlidir. Ýöne onuň hereketlenirijileriniň üçüsiniň umumy kuwwatlylygy energetika enjamlarynyň dartyş güýji öňkilere garanyňda üç esse artyk bolup, ol 2400 kWt deňdir. Gämi 11 uzel tizlik bilen ýüzüp bilýär. Bu bolsa 11 deňiz miline deňdir ýa-da sagatda 20 kilometri hem gowrak ýoly geçmäge ukyplydyr. Bu şular ýaly derejedäki gämileriň tizlik manýowlylygyndan ýokarydyr. Gämini az sanly adamlar bilen dolandyrmaga onda dünýäniň iň gowy önüm öndürüjileriniň ömümleri oturdulan dolandyrmagyň we nawigasion enjamlar elektron ulgamy mümkinçilik berýär.

Tikeg gämileri Türkmenbaşynyň halkara deňiz flotunyň esasy bölegi bolup durýar. Olarsyz gury ýükleri, tankerleri we ýolagçy gämilerini howpsuz daşamak hem-de olary kenara urgan bilen baglamak mümkin däldir. Tirkeg gämileri näçe häzirki zaman derejede öndürilen bolsa, şonça hem ýurduň we daşary ýurtlaryň gämilerine hyzmat edilşiniň hili ýokary bolýar.

Täze tirkeg gämileri, urgan işlerinden başga, köp tonnažly gämileri we uly göwrümli ýüzüji serişdeleri, nebit platformalaryny goşmak bilen, tirkeg işlerini amala aşyrýar. Gerek bolan halatynda olar awriýa-halas ediş işlerini ýerine ýetirýär we gämilerde ýangyn dörän halatynda ýangyny duýdurýar we ýok edýär. Munuň üçin her bir täze tirkeg gämisi ýangyna garşy ulgamynyň monitorlarynyň ikisi bilen üpjün edilendir.