Ï «CAP» sertifikatlary türkmen buhgalterlerine gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«CAP» sertifikatlary türkmen buhgalterlerine gowşuryldy

view-icon 948
Aşgabatda döwlet we dürli hususy gurluşlaryň wekillerine – buhgalterleriň 58-ne halkara derejeli sertifaktlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Olaryň ählisi hem “okamagyň hiç wagt hem giç däldigine” ýene-de bir gezek oňat düşündiler. Olar abraýly “Sertifikasiýaly buhgalter-tejribeçi” «CAP» halkara sertifikatyny ele alýançalar ýeňil bolmadyk ýoly – işden boş bolmazdan synaglary tabşyrmaga çenli ýoly geçdiler.

Türkmen hünärmenleriniň buhgalter ylmynyň halkara sertifikatyny almaklary – bu ýurduň maliýe hasabatynyň milli standartlaşdyrmaga geçýän döwründe olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ädilen möhüm ädimdir.

«CAP» halkara sertifikatlarynyň nobatdaky eýelerine gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň ykdysatçylar geňeşiniň we paýtagtyň “ELWAI” HO merkeziniň başlangyçlary boýunça geçirildi. Onuň binýadynda okuw sapaklary geçirildi. Her okuw tapgyryndan soňra bolsa gelejekki buhgalterler-tejribeçiler synaglary tabşyrdylar. Özi hem ýeke-täk synag güni GDA ýurtlarynyň ählisinde geçirildi. Synag ýumuşlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin 5 sagat wagt berildi. Ýerine ýetirilen ýumuşlar Gazagystana - CIPAEN ink. edarasyna iberildi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda «CAP» sertifikatyna eýe bolan hünärmenleriň sany, şu ýylkylary goşmak bilen, bäş ýüzden hem geçýär.