Ï Harytlaryň çyzykly şertli belgileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Harytlaryň çyzykly şertli belgileri

view-icon 1391
Çyzykly şertli belgiler boýunça milli gurama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahat zalynda ýurduň önüm öndürüjileri üçin maslahat geçirdi. Maslahata gatnaşyjylar tehnologiýalary ulanmak arkaly harytlara çyzykly şertli belgileri goýmagyň usuly bilen tanyş boldular. Bu bolsa söwda edilende hasabaty, daşamaga, saklamaga, kassa hyzmatlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna şert döredýär.

Çyzykly şertli belgiler boýunça milli gurama şu ýyl döredildi. 2017-nji ýyla ýurtda öndürilýän harytlaryň hemmesine çyzykly şertli belgiler goýular, ýagny önüm öndürijiler, gaýtadan işleýjiler, logistiki kompaniýalr, söwda guramalary bir ulgam boýunça iş salyşarlar. Çyzykly şertli belgileri goýmagyň tehnologiýasy harytlaryň önümçiligi we ýerlendirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyş bolmaga, ony ýygnamagy we seljermegi awtomatlaşdyrmaga, desgalary dogry identifikasiýa etmekde adam täsirini aradan aýyrmaga mümkinçilikleri berýär.

Çyzykly şertli belgiler desgalary awtomatiki usulda identifikasiýa etmek, harytlaryň hereketleriniň barlagyny awtomatlaşdyrmak we hasabatyny ýöretmek, harytlaryň gümrük gelip çykyşyny we resminamalaryň doldurylyşyny hem-de beýleki maksatlar üçin dünýäde giňden ulanylýar. Maşyn-okaýyş belgiler maglumatlary ýygnamagyň, hasaba almagy we gaýtadan işlemegi üpjün edýär. Çyzykly şertli belgiler arkaly haryt we ony öndüriji barada aragatnaşyk maglumatlarynyň çalt alynmagyny üpjün edýär.