Ï Toprak bereketli hasyl eçilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Toprak bereketli hasyl eçilýär

view-icon 1110
Ýurduň günbatar sebtinde şu ýyl gowaçanyň ýerine ekin dolanşygy hökmünde gant şugundyry ekildi. Bu ekin Balkan welaýatynyň howa-toprak şertlerini oňat hilli uýgunlaşandygyny görkezdi. Özleri üçin täze ekini özleşdirmek bilen, pagtaçylar gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

Welaýat boýunça gant şugundyry üç müň gektar meýdana ekildi. Serdar etrabynda 1500 gektarda gowy hilli hasyl ösdürilip ýetişdirildi, şonça möçberdäki hasyl Bereket etrabynda hem ýetişdirildi. Gant şugundyrynyň iň köp ekilen meýdany Serdar etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşigidir. Bu ýerda 300 gektar meýdanda hasyl ýygnamak işleri alnyp barylýar. Hasyl ýygnamak möwsümi Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky, “Balkan”, “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda hem guramaçylykly alnyp barylýar. Balkan welaýatynda günt şugundyryny ýygnamak işleri dowam edýär.