Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 868
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzine isleg bildirdiler. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna dokma senagatynyň taýýar önümleri, nah ýüplügi, pagta süýümi, süýümli ulýuk, çig ýagly kislotalar, goýnuň we geçiniň iç-goşy ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Hytaý, BAE, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Malta, Owganystan, Ukraina we beýleki ýurtlar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 545 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Şweýsariýadan, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Kiprden, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler umumy bahasy 7 million 933 müň manatdan gorwak bolan süýji-köke önümleriniň dürli görnüşlerini, arassalanan pagta ýagyny we günebakar ýagyny, nah ýüplügi we ulag serişdelerini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 1 million 672 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni, şeýle hem awtomobil tehnikalaryny satyn aldylar.