Türkmenistan boýunça 2013-nji ýylda demir ýol ulaglary boýunça 22 million tonnadan gowrak ýük we 5,2 million ýolagçy daşaldy. Türkmenistanyň demir ýolunyň umumy uzynlygy soňky on ýylyň dowamynda bir ýarym esse uzady we 3670 kilometre ýetdi. Şeýle hem Tejen-Sarahs, Daşoguz-Köneürgenç, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ýaly möhüm ugurlar boýunça demir ýollary çekildi. Demir ýolçularyň öz güýçleriniň we serişdeleriniň hasabyna Türkmenabat-Atamyrat ikinji demir ýoly guruldy. 2010-njy ýylda bir ýarym kilometre golaý bilelikdäki demir ýol we ulag köprüsiniň ulanmaga berilmegi bilen, goňşy ýurtlar Özbegistana, Täjigistana, Owganystana ýene üstaşyr geçelgesi açyldy. Bu täze ugur we Amyderýanyň üstünden geçýän köpri ýoluň sag kenardaky bölegini ýurduň umumy demir ýol toruna birikdirdi, gündogar sebitiniň senagatyny çalt depginler bilen ösdürilmegine itergi berdi.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (Uzen-Gyzylgaýa, Bereket-Etrek-Gürgen) halkara demir ýolunyň gurluşygy soňky ýyllarda demir ýol gurluşyny ösdürmek boýunça iň iri we ähmiýetlisi bolup durýar. Bu polat ýoly Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolmaga niýetlenedir. Türkmenisyanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan ýoluň iň uly bölegi (700,5km) guruldy. Bu demir ýolunyň ugrunda demir ýol menzilleri, serhet we gümrük gulluklarynyň binalary, köprüler we beýleki ugurdaş desgalar, şeýle hem işgärler üçin ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy. Bu täze demir ýoly hereketi dolandyrmagyň awtomatlandyryş we duýduryş ulgamlary bilen üpjün edildi.
Daşary ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, ulag ulgamynyň daşama işinde ýokary hilli “böküşi” diňe häzirki zaman we halkara standartlaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna üpjün edip bolýar. Şeýleleikde , Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan tizlik düzgünini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ýolda 25 metrlik demir ýol gözenekleri 700 metrlik gamça çalşyldy. Bu tehnologiýa “Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylýar. Mundan hem başga ýoluň demir ýol menzilleriniň on ýedisiniň ählisinde ikinji ýollar çekildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň demir ýollaryny çekmekde toplan tejribeleri Owganystan, Gyrgyzstan, Täjigistan ýaly beýleki döwletleriň birnäçesinde gerek bolýandygyny belläp geçmelidiris.
Transmilli demir ýolunyň işläp başlamagy bilen Türkmenistan strategiki taýdan möhüm ähmiýetli demir ýollaryň kontinentler ara ulgamyna eýe bolan döwletleriň derejesine çykar. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny çekmek baradaky ylalaşyga üç döwletliň baştutanlary 2007-nji ýylda gol çekdiler. Gurluşyk işlerine bolsa 2009-njy ýylda başlandy. Häzirki wagtda biz bu demir ýoly arkaly hereketiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bilermenler bu täze polat ýoluň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça öň hereket edýän ýollarda düýply artykmaçlygynyň bardygyny belleýärler. Ol ýoly epesli gysgaltmaga, öňki Beýnew-Daşoguz-Türkmenabat-Sarahs-Maşat ugry bilen deňeşdireniňde 600 kilometr gysgadygy sebäpli ýükleri ibermekde wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ilkinji wagtlarda täze ýol bilen ýükler 3-5 million tonna çenli daşalmagyna garaşylýar, geljekde bolsa bu sanyň 10-12 million tonna çenli ýetirilmegine garaşylýar. Mundan hem başga täze demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen 1300 iş orny dörär.
Täze demir ýoly hem-de onuň Russiýanyň demir ýoly bilen birikdirilmegi Ýewropa we Pars aýlagy ýurtlarynyň arasynda amatly ulag ugryny açýar, ugurdaş gurluşy, logistika merkezlerini, ösüşiň täze nokatlaryny, müňlerçe täze iş orunlaryny döredýär. Bu diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolman, eýsem geosyýasatda çynlakaý faktor, sebitde we onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa, Aziýada durnuklylyga we howpsuzlyga oňyn täsirini ýetirip bilmäge ukyply taslamadyr. Bu ýerde gürrüň Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň kenarynyň döwletlerini Gara deňiz we Zakawkaziýe bilen birleşdirýän, soňra Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykýan täze geoykdysady giňliginiň döreýändigi barada gidýär.
Demir ýoly boýunça ýükleri daşamagyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bu ugur boýunça gaýtadan işlenilýän önümleri daşamaga esasy üns berilýär. Meselem, Türkmenistan üçin – bu nebiti gaýatadan işleýän, himiýa senagatynyň we gurluşyk senagatynyň, şeýle hem miwe we gök önümleridir. Gazagystan üçin - Eýran we beýleki ýakyn gündogar ýurtlarynyň sarp edijilerine iberiljek galladyr. Demir ýol aragatnaşygynyň işe başlamagy Pars aýlagyna çykmaga Eýran bilen bilelikdäki taslamalary bolan Russiýa, Täjigistan we Gyrgyzstan üçin hem ykdysady bähbitlere eýedir. Şonuň üçin hem bu täze demir ýolunyň gymmatlygy edil şundan ybaratdyr. Serbäbi ol goňşy ýurtlary söwdasy üçin multiplikatiw netijeleri döredýär hem-de beýleki ugurdaş ulag taslamalarynyň herekete girmegini höweslendirýär.
Daşary ykdysady işiň geografiki ulgamynyň üýtgeşmesi halkara gatnaşyklaryndaky ulagyň ulanylşynyň häsiýetin düýpli täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem bu ugur boýunça ýuk daşalşynyň garaşylýan ösüşini nazara almak bilen hereket edýän demir ýol otlylarynyň üsti eýýäm täze lokomotiwleriň 35-si bilen ýetirildi.
Hereket edýän we gurulýan halkara infrastruktura taslamalaryny netijeli ulanmak maksady bilen Türkmenistan BMG-niň ýörüteleşdirilen düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrýar. Bu – BMG-niň Ýewropa Ykdysady topary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş topary, şeýle hem Halkara awtomobol birleşmesi bolup durýar. Bu şu ýyl “Halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgesiniň orny” atly Halkara maslahatyň dowamynda ýene-de bir gezek tassyk edildi. Halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek ulgamynda birnäçe ylalşyklara we resminamalara, şol sanda Ýewraziýa awtoulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara awtomobil ulgalary birleşmesiniň arasynda Memoranduma, Bütewi demir ýol hukugyny döretmek boýunça ýewroaziýa demir ýol ýüklerini daşamagy we işleri ösdürmek hakyndaky Deklarasiýa hem-de Ýewraziýa ulag gatnaşyklarynyň geljekki ösüşleri hakyndaky Deklarasiýa gol çekilmagi bu maslahatyň jemi bolup durýar.
Häzirki wagtda ulag halkara gatnaşyklary daşary ýurtlaryň 26-sy bilen ýola goýuldy. Türkmenistan ulag ulgamynda halkara konwensiýalarynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň ylalaşyklarynyň 6-na goşulyşdy. Bu ugurda işler dowam etdirilýär. Ýurduň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän täze iri ulag taslamalarynyň birnäçesi işlenilip taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag-üstaşyr geçelgesini, şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa geçelgesini görkezmek bolar.