Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Gonkongdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler dizel ýangyjyny satyn aldylar (Seýdiniň NGIZ). Tehniki ýody we nahar duzy (“Türkmenhimiýa” DK) Hytaýdan hem Owganystandan gelen telekeçileriň söwdasy boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplügi we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur,Türkiýe, Birlenşen Arap Emirlikleri. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 71 million dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Pakistandan gelen telekeçiler jemi 7 million 539 müň manatlykdan gowrak agyr ýük göteriji gurluşyk tehnikasyny, akkumulýatory, nah ýüplügi, pagta ýagyny, buýan köküniň şiresini, ýüňi (garaköli, düýe, geçi, saryja) satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 9 müň manatlykdan gowrak möçberde awtoulag tehnikasyny satyn aldylar.